SANLY STRATEGIÝALAR WE INNOWASION ÇÖZGÜTLER

Soňky wagtda «Sanly ykdysadyýet» adalgasy ýörgünli boldy. Munuň sebäbini ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňe gidişlikleri gazanmagy başardandygy bilen düşündirmek bolar.

Sanly ykdysadyýet (digital economy) adalgasy ilkinji gezek 1995-nji ýylda Massacusets uniwersitetinde işleýän alym Mikolas Negraponte tarapyndan ulanylypdyr. Ol bu adalga arkaly kärdeşlerine köne ykdysadyýet bilen maglumat-tehnologiýalarynyň güýçli depginli ösýän döwründe emele gelen täze ykdysadyýetiň tapawudyny görkezmek üçin ýüzlenipdir.

Häzir dünýä döwletleriniň alymlarynyň arasynda sanly ykdysadyýetiň şeýle kesgitlemesi ulanylýar: sanly ykdysadyýet — sanly kompýuter tehnologiýalarynyň ösmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup, ol onlaýn-hyzmatlar (açyk ulgam hyzmatlary), elektron tölegler, internet söwda we beýleki döwrebap hyzmatlary bitirmäge gönükdirilen ykdysadyýetdir. Adatça, sanly ykdysadyýetiň düzümleri hökmünde elektron söwdany, internet bank, elektron töleg geçirmek hyzmatlaryny, internet mahabat we beýleki görnüşdäki işleri görkezmek bolar.

Maglumat tehnologiýalarynyň durmuşymyza giňden ornaşmagynyň netijesinde, biz bu gün, köp halatda, aralykçysyz hyzmatlardan peýdalanyp bilýäris. Meselem, internet dükanlarynyň hyzmatyndan peýdalanmak mümkinçiligimiz bar, bank bölümine barmazdan, dürli görnüşli tölegleri amala aşyryp bilýäris.

Diýmek, sanly ykdysadyýetde ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumylygy jemlenilýär, döwlet bilen raýatlaryň hyzmatdaşlygynyň, hojalyk önümçiligindäki guramaçylyk işleriniň ähli görnüşleri sanly tehnologiýalar arkaly guralýar.

Ylym, bilim we tehnologiýalardaky çalt depginli ösüşler bütin dünýä çäksiz täsirini ýetirýär. Dünýä ösüşiniň häzirki zamany durmuş-ykdysady şertleriň çalt özgerýändigi, önümçilik düzümleriniň netijeli görnüşi hökmünde sanly tehnologiýanyň we maglumatlaryň giňden ornaşdyrylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Bu öňegidişligiň gözbaşy hem, merkezi özeni hem adamzadyň özi bolup durýar. Adam ylym we tehnologiýany döredip gurnanynda, bu amala aşyran işiniň täze bir adamy, ýagny, ylym tehnologiýalaryna bagly bir ynsany emele getirjegini pikirem etmeýärdi. Bu işiň amala aşyryjysy bolan ynsan bu öňegidişligiň hem binýatçysy, hem ýeňijisi boldy. Tehnologiýalar adamlaryň gatnaşyklaryny düýbünden üýtgetdi, olaryň habarlaşmagynda, medeniýetinde, durmuşynda we boş wagtyny geçirmeginde möhüm orny eýeledi. Önümçiligiň tehnologiýalar bilen baýlaşdyrylyp awtomatlaşdyrylmagy adamyň işini ýeňilleşdirdi.

Sanly gurşaw diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegine däl, eýsem, her birimiziň dünýägaraýşymyzyň üýtgemegine, jemgyýetçilik aňynyň özgermegine hem öz täsirini ýetirýär. Aslynda ykdysadyýet çylşyrymly mehanizm hökmünde raýatlaryň ählisiniň durmuşyna dahyllydyr. Önümçiligi, sarp edişi, kesgitlenen hyzmata ýa-da haryda bolan islegiň we teklibiň jemini özünde jemleýän ykdysadyýet halkyň ýaşaýyş we durmuş şertleri bilenem gönüden-göni baglanyşykly bolup durýar. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň görnetin ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Soňky ýyllarda «Elektron resminama hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyga we dost-doganlyga esaslanýan syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ösmegi dünýä derejesinde ähmiýetliligi özünde jemleýär. Şunda sanly tehnologiýalardaky tejribe alyşmagyň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bar. Hünärmenleriň tassyklamaklaryna görä, sanly ykdysadyýetiň durmuşa ornaşdyrylmagy geljekki beýik ösüşleriň açarydyr.

 

Döwran ÝATJIKOW,

Türkmen döwlet maliýe

institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 617 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4816 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY