YLYM — DÖWLETIŇ KUWWATY WE JEMGYÝETÇILIK DURMUŞYNYŇ ESASY HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

Halkyň bagtyýar durmuşynyň, döwletiň kuwwatynyň gözbaşy ylym-bilimde hem-de ösen tehnologiýalardadyr. Ylym-bilim döwrebap şahsyýetiň kemala gelmeginiň, onuň jemgyýete goşulmagynyň we dünýä düşünmeginiň esasy şertidir.

Ösüşleriň şerti, ýollaryň röwşeni, bagtyýar geljegiň binýady bolan ylym hazynasy halkymyzda mukaddeslik derejesine ýetirilýär, alymlara, ylym öwrenýänlere, ylym-bilim ojaklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda getirilýän «Ylym okan ýol tapar», «Ylym akyldan dem alar», «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylym — yhlas», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» ýaly atalar sözleridir nakyllar hem gadymy ylym-bilimiň ojagy bolan türkmen topragynda egsilmez ruhy gymmatlygyň, kämillige gol bermegiň, giň dünýägaraýşyň gadyr-gymmatynyň näderejede belentdigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz «Gojaman taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky hiç bir döwürde-de ylymdan daşlaşan, döredijilikden üzňe ýaşan halk däldir» diýip, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri ylym-bilimli, ylham-zehinli adamlara sarpa goýan halkdygyny nygtaýar.

Türkmen halky taryhda ylyma, edebiýata uly goşant goşan ajaýyp şahsyýetleri dünýä berdi. Nusgawy şahyrlarymyz goşgy setirlerinde ylym-bilimiň adamzadyň durmuşyny ýagtylandyrýan şamçyragdygyny ýazypdyrlar. Ylym ummanynyň ýollary ýeňil däl. Şol ýollary geçmek üçin ýiti zehin, irginsiz zähmet, erk, tutanýerlilik, gujur-gaýrat we mümkinçilik gerek.

XIX asyryň görnükli şahyrlarynyň biri Mämmetweli Keminäniň döredijiligi baý hem köptaraply. Keminäniň adamy, onuň zähmetini, gowy gylyk-häsiýetlerini, päk söýgini, edermenligi, batyrlygy, gözelligi wasp edip döreden şygyrlary halkyň göwnünden turupdyr. Ynsanperwer şahyryň şygyrlaryndaky okuw okamagyň, hat-sowat öwrenmegiň wajypdygy hakyndaky setirleri hem örän özüneçekijidir.

Kemine durmuşda at-abraý alyp, sowat öwrenip, alymlaryň söhbedini, pentlerini diňläp, olar bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy ündäpdir:

Bu dünýede abraý edip, at alsaň,

Alymlar ýanynda hemişe bolsaň.

Şu ýerde dünýä belli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Alymlara uýsaň, açylar gözüň,

Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen

— diýen setirlerini ýatlap geçsek ýerine düşer. Magtymguly Pyragy döwürdeşlerini ylymly-bilimli bolmaga çagyrypdyr. Şahyr alymlar bilen söhbetdeş bolmagyň, olaryň manyly sözlerini diňlemegiň durmuşda öz ýoluňy tapmaga itergi berýändigini nygtapdyr.

Kemine şahyr goşgularynda okap, ýazyp, dessan eýläp, özünden soňkulara ýadygär galdyrmak, ak kagyzlaryň içinde bina galdyrmak arzuwyny «Içinde» atly goşgusynda beýan edipdir:

Okar men, ýazar men, dessan eýlär men,

Bina bolsun ak kagyzlar içinde

Şahyr bu sözlerini:

Meniň dilim, seniň eliň hünäri

Nusga bolup galsyn, ilden — illere

— diýen setirleri bilen dowam etdirýär.

Göwheriň hiç wagt könelmeýşi ýaly, beýik ussadyň ýiti zehininden kemal tapan eserleri hem hiç wagt könelmeýär. Onuň nusgalyk şygyrlary dowamat-dowam bolup, öz ähmiýetini ýitirmeýär. Kemine şahyr «Geler» atly goşgusynda adamzat nesliniň alty-ýedi ýaşyna ýetende hat-sowat öwrenmäge başlamagy, halypadan tälim alyp, kämilleşmegi dogrusyndaky pikirlerini orta atýar. Ata-enäniň perzendini halypalara tabşyryp, kitap okamak, hat ýazmak başarnyklaryny ösdürmegi gazanmaklaryny ündeýär.

Görşümiz ýaly, belli nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem-de Mämmetweli Kemine öz goşgularynda ynsanyň ýaşlykdan ylym-bilime ýykgyn etmegini gazanmak meselesini öňe sürüpdirler. «Ylym bagtyň çyragydyr» diýlişi ýaly, ylym-bilim adamyň gözýetimini giňeldip, dünýägaraýşyny artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz bolsa «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Maksatlaryň myrada gowuşýan zamanasynyň eýeleri bolan ýaş nesiller şu ajaýyp jümlelerden ruhlanyp, ylmyň täze gazananlary bilen aýakdaş barýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz ähli ugurda ylym-bilimiň ösmegine giň mümkinçilik döredýär. Bu syýasatyň düýp mazmuny we maksady häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine gönükdirilendir. Türkmen ylmynyň dünýä ylmy bilen aýakdaş gitmegi ýaşlaryň gözýetiminiň giňelmegine getirýär. Ylym ynsany ýagty geljege gönükdirýär, oňa dürli maddy we ruhy gymmatlyklary elýeterli edýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz» diýip ýaş nesillere ündeýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, alym adyny götermek — ol ýokary derejedir. Alym bolmak we ylmyň netijelerini, hakykatdan-da, amaly tarapdan durmuşa geçirmek — ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe bedew bady bilen öňe gitmegidir.

 

Ogulsapar ATAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe

institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 579 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4797 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY