ARZUWLARYŇ HASYL BOLÝAN ÜLKESI

Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesinde türkmen halky bagtly pursatlaryň şaýady bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biz — ýaşlaryň durmuş kitabyna altyn harplar bilen ýazyljak örän ähmiýetli, bagtly günleriň biri boldy.

2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda bize Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden 2023-nji ýylda ylmy işler boýunça bäsleşiginde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Bu bäsleşige «Türkmenistanda ýaşlaryň kanuny hukuk kepillikleri» atly ylmy işimi hödürledim we işim alymlar tarapyndan goldanyldy. Muňa geljekki asudalygyň goragçylaryny taýýarlamakda bilim berýän ýaş mugallym hökmünde buýsanjymyň çägi ýok. Bize berlen bu Şaserpaýy, saýlap alan kärimizde mundan beýläk hem uly buýsanç bilen zähmet çekmege, şol bir sanda Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bize bildirýän ynamyny ödemäge borçlandyrýar.

Biz — ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim almaga, döretmäge, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Berkarar döwletiň depesinde ganat ýaýýan bagt guşynyň goşa ganaty Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, hormatly belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Seýitmämmet BERDIMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleri boýunça bäsleşiginiň ýeňijisi,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Kriminalistika

kafedrasynyň mugallymy, polisiýanyň leýtenanty,

ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 579 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4797 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY