12-nji iýun şanly sene ýurdumyzda giňden bellenilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik zehinli ýaşlary – alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir.
Bu bäsleşige Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu bäsleşige gatnaşyjylar bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler.
Özleriniň çykyşlary bilen tapawutlanan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülsenem Hommadowa we Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Arslankerim Kerimow hem bar. Olar bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp boldular.Ýeňiji bolan ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň sowgatlary gowşuryldy.
Akjagül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň laboranty.