TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNDA «BINAGÄRLIK» KAFEDRASYNYŇ UÇURYMLARYNYŇ DIPLOM IŞLERINI GORAMAK TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 15-nji iýunda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik» kafedrasynyň uçurymlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Birnäçe gün bäri dürli hünärler boýunça dowam edip gelýän diplom işleri boýunça açyk goraglara medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar.

«Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi» we «Binagärlik gurşawynyň bezegi» hünärleri boýunça bilim alan talyplaryň ýerine ýetiren diplom işleri olaryň öz hünärlerini ýokary derejede ele alandyklaryna şaýatlyk edýär. «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi» hünärinde bilim alan talyplar, esasan ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini öwrenip, milli binagärlik alamatlaryny özünde jemleýän dürli maksatlar üçin niýetlenen binalaryň taslamalaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda B.Abaýewiň «Aşgabat şäherine niýetlenen toplumlaýyn häzirki zaman muzeýi», B.Ataýewiň «Mary welaýatynyň Baýramaly şäherine niýetlenen Ýadygärlikleri gorap saklaýyş edarasynyň binasy», M.Çarymyradowanyň «Ahal welaýatynyň Tejen şäherine teklip edilýän Gündogar äheňinde 620 orunlyk orta mekdep», J.Öwezowanyň «Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyna teklip edilýän «Köýten» myhmanhanasy”, S.Joraýewiň “Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky Bilal baba zyýarathanasyna niýetlenen metjit», M. Jumadurdyýewanyň «Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki 360 pirler ýadygärlikler toplumynyň ýanyna teklip edilýän «Köneürgenç» myhmanhanasy», O.Işangulyýewanyň «Balkan welaýatynyň Serdar şäherine teklip edilýän gündogar äheňindäki metjit» atly taslamalary ýokary derejede işlenipdir. Esasanda, häzirki wagtda binagärlik gurluşy, bezeg alamatlary bilen dünýä binagärlik taryhynda mynasyp ornuny alan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki Nejmeddin Kubranyň mawzoleýiniň nagyşlarynyň rejelenen görnüşini talyp A.Hojageldiýew tarapyndan işlendi.

Binagärlik gurşawynyň bezegi hünärinde bilim alan talyplarymyz bolsa dünýä binagärlik sungatynyň gazananlary bilen bir hatarda, milli binagärlik alamatlarynyň sintezini öz diplom işlerinde ýerlikli ulanmagy başarypdyrlar. Talyplaryň taslamalary häzirki wagtda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň dürli künjekleri üçin gurulmagy teklip edilýän binalar bolup durýar.

Binagärlik kafedrasyny üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleri olaryň döredijilik ýolundaky üstünlikleriniň başlangyjy bolup synag toparynyň agzalary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldylar. Bu hem talyplara öwredilen hünäri doly ele alandyklaryny, mugallymlaryň azabynyň ýerine gowşandygyny, çeperçilik akademiýasynyň täze hünärmenleri taýýarlamakdaky üstünliklerine guwanmaga haklydygyny görkezýär.

 

Bagtygül HOJAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 579 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4797 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY