Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi
Ýakynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganini myhmansöýer türkmen topragynda garşylaýandygyna şatdygyny aýdyp, türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk medeni-taryhy umumylyga we hoşniýetli goňşuçylyk tejribesine daýanyp, asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini belledi.
Türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň özara düşünişmek, hormat goýmak we halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän beýleki ýörelgeler esasynda depginli ösdürilýändigini aýdyp, milli Liderimiz sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz onuň durmuşa geçirilmegi diňe iki ýurduň we onuň halklarynyň bähbidine däl, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Häzirki wagtda ulag we aragatnaşyk pudagy boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Muňa mysal hökmünde golaýda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlen Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýoluny görkezmek bolar. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz bilelikdäki tagallalar bilen durmuşa geçirilýän düzümleýin taslamalaryň diňe bir sebitleýin däl, eýsem ählumumy ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmenistana gelip görmäge iberilen çakylyk we mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystanda oňyn Bitaraplyk esaslaryna daýanýan döredijilik syýasatyny alyp barýan we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň berkidilmeginiň möhüm şertini emele getirýän Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini, halkara giňişliginde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belledi.
Türkmen tarapynyň ulag we energetika ulgamynda öňe sürýän giň möçberli düzümleýin taslamalarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Prezident Mohammad Aşraf Gani olaryň durmuşa geçirilmeginiň oňyn netije berýändigini, Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň we TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň diňe bir Owganystanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.
Prezident Mohammad Aşraf Gani milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna parahatçylykly, abadan durmuşyň üpjün edilmeginde, şol sanda elektroenergetika, şeýle hem durmuş ulgamynda möhüm başlangyçlaryň we taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginde Owganystana netijeli kömek berilýändigi üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy.
Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalaryny ýene bir gezek mübärekläp, Prezident Mohammad Aşraf Ganä iki döwletiň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistandan elektrik energiýasynyň diňe Owganystana däl-de, eýsem onuň çäkleriniň üsti bilen sebitiň beýleki döwletlerine hem iberilip bilinjekdigini bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan hem-de Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan taslamalary hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly bolan ugurlary bolup durýar. Bu taslamalar Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň elektrik geçiriji ulgamlaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Soňra öňde boljak Aziada — 2017 barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu oýunlara diňe bir türgenleriň ýaryşlaryna däl, eýsem uly sport baýramçylygyna we ägirt uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bolan waka hökmünde taýýarlyk görýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz owgan kärdeşini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Biziň ýurtlarymyzyň energetika howpsuzlygy we ulag hyzmatdaşlygy ýaly, ählumumy syýasatyň esasy ugurlary boýunça garaýyşlary we çemeleşmeleri meňzeşdir. Iki ýurt hem ähli gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýol bilen, syýasy serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şu günki geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdigi tassyklandy we ykdysady taýdan ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge, örän möhüm ulag we energetika taslamalaryny bilelikde amala aşyrmaga taýýardygy beýan edildi.
Geçirilen netijeli gepleşikler üçin, Prezident Mohammad Aşraf Ganä, onuň wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz bu gepleşikleriň netijeli bolmagy örän ähmiýetli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegini üpjün edendigini belledi we doganlyk owgan halkyna parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň Owganystan üçin ygtybarly we ýakyn dosty bolup durýandygyny belledi.
“Nesil” gazeti,
06.07.2017ý.












