Täze dil täze medeniýeti öwrenmegiň esasy serişdesidir. «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam diýlişi ýaly, her bir adam»haýsy ýaşda bolsun parhy ýok, dil öwrenmäge ukyplydyr. Emma täze bir dil öwrenmek biraz wagt we sabyr talap edýär.
Bu işde dürli usullardan peýdalanmak bolýar. Mysal üçin, gündelik durmuşymyzda hal-ahwal soraşylýan sözleri ulanmagyň özi hem öwrenmek isleýän diliňiziň aňsat ýatda galmagyna ýardam berýär.
Mümkin däl ýaly bolup görünse-de, bu ýagdaý tekrarlanylanda birnäçe hepdäniň dowamynda bir dilde gepleşip biljek derejä, birnäçe aýdan soň bolsa bu dili özbaşdak kämilleşdirip biljek derejä ýetip bolýar.
Dil öwrenmegiň dürli ýollary bardyr. Täze dil öwrenenimizde,ilki bilen, ýygy-ýygydan ulanylýan sözleri bilmek we olary öwrenmek zerurdyr. Dürli sözler bilen şol bir manyny aňladýan sözlemleri düzmäge synanyşmaly. Bu bolsa öwrenýän dilimizde täze sözleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ulanýan programmalarymyzyň dilini üýtgedip, täze bir dili kämilleşdirip bileris.
Döwrümiz aragatnaşygyň ösen döwri hasaplanýar. Günüň aglaba böleginde elektron enjamlaryny dürli maksatlar bilen ulanýarys. Şeýle bolansoň, beýleki okuw usullary bilen bir hatarda, elektron enjamlaryndan hem peýdalanylýar. Bu usul käbir zatlary has çalt özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Telefonyň ýa-da kompýuteriň programmalarynyň dilini üýtgetmek käbir sözleri manysy bilen öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, öwrenýän dilimizde filmlere tomaşa etmek dil öwrenmegiň iň aňsat usullaryndan biridir. Filme tomaşa edilende şol bir wagtyň özünde şol diliň medeniýetini hem has gowy öwrenip bolýar. Eşiden täze sözlerimizi we olaryň manysyny depderimize belläp bileris. Öwrenmek isleýän dilimizde başlangyç hökmünde gyzyklyja, aňsat okalýan kitaplary saýlap bileris. Her gün kitapdan 10-20 sahypa okamak bize dili öwrenmekde ýardam berýär. Öz sözlügimizi hem döredip bileris. Bu sözlük bilmeýän zatlarymyzdan ybarat bolmaly. Isleýän sözlerimiziň manylaryny onlarça gezek ýazyp, olary gaýtalap bileris.
Aram-aram öwrenmek isleýän dilimizde aýdym diňlemek täze sözleri öwrenmekde täsirli bolýar.Heň bilen eşidilýän ses mydama beýnimize has köp täsir edýär. Diňleýän aýdymlarymyzy sözleri bilen okap, olary ýat tutmak dili ýeňil öwrenmegimize itergi berer.
Täze dil diňe bir grammatik kadalar ýa-da täze sözler bilen tanyş bolmagy talap etmän, eýsem, bu bilimleri ýatlap we ulanyp bilmekligi-de talap edýär. Dil öwrenmek ýadymyzy türgenleşdirýär, jemgyýetçilik gatnaşyklarymyzy gowulandyrýar.
Röwşen ABDYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
MUGALLYMLAR GAZETI 22.05.2023ý.