Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri ugrunda asylly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýmek bilen, geljegimiz bolan ýaş nesiller söýgi-alada bilen gurşalýar, olaryň terbiýesine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle bolan soň,paýtagtymyzda we welaýatlarda mekdebe çenli bilim edaralary gurlup ulanmaga berilýär, bar bolanlarynyň durky täzelenip, olar multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Ähli amatlyklary bolan çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler özlerini diýseň şadyýan alyp barýarlar.
Ýurdumyzda çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020—2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» hem körpe nesilleriň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir.
Çagalar baglarynda körpeler bilen işlemek, ilkinji nobatda, yhlasly zähmeti talap edýär. Çagalar örän bilesigeliji bolup, terbiýeçä köp sowal berýärler. Şeýle bolansoň, olaryň sowallaryna mähirli jogap bermek bilen, terbiýeçi olaryň söýgüsini gazanyp bilýär. Olar bilen bilelikde oýnawaçlary oýnamak, surat çekmek (Öýüň,awtoulagyň, haýwanlaryň) hem örän netijeli bolýar. Şunlukda, çagalaryň ukypdyr başarnyklary ýüze çykýar. Surat çekmäge höwesli çagalara, ilki bilen, haýwanjyklar barada gyzykly maglumatlary aýtmak hem olaryň bilesigelijiligini ösdürýär.
Şeýle hem çaga terbiýesinde ertekileriň örän uly ähmiýeti bar. Ertekiniň üsti bilen çagalarda şol gahrymana öýkünmek häsiýeti bolýar. Ertekilerde aýdylýan wakalar çaganyň ünsüni çekýär. Aýratyn hem, olar haýwanlar hakyndaky ertekileri diňlemegi halaýarlar. Mysal üçin: «Garynja we kepderi», «Tazy we tilki»,«Möjekleri gorkuzan goýun we geçi». Şonuň üçin hem ýaş nesillerde gahrymançylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlary terbiýelemekde ertekiler bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Mekdebe çenli bilim edaralarynda multimedia tehnologiýalardan peýdalanmak örän oňat netijäni berýär. Terbiýeçi animasiýaly sapaklar guranda hem körpeleriň ünsüni gazanyp bilýär.
Çagalar — durmuşymyzyň bezegi. Olaryň gülki sesi belentden ýaňlanýan bolsa, şol ýer bagtyýarlygyň, asudalygyň mekanydyr. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň terbiýesine mukaddeslik hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem edep-terbiýe bermekde, olarda oňat häsiýetleri kemala getirmekde, ilki bilen, ata-eneleriň, soňra bilim edaralarynda zähmet çekýän mugallymlaryň paýy uludyr.
Bu günki günde mekdebe çenli bilim edaralarynda zähmet çekýän terbiýeçiler döredilýän ähli amatlyklardan ýerlikli peýdalanýarlar. Durmuşa geçirilýän asylly işlere jogap edip, öz tejribämizi baýlaşdyrmak bilen,yhlasly işläp , nesil terbiýesine mynasyp goşant goşmak biz—mugallymlaryň borjudyr. Bagtyýar çagalaryň eşretli geljegi ugrunda ähli amatlyklary döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Risalat SULTANOWA,
Çärjew etrabyndaky 10-njy çagalar
bakja-bagynyň terbiýeçisi.
MUGALLYMLAR GAZETI 22.05.2023ý.