Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biri-de ýaş nesle ylym-bilim öwretmek, olarda kitaby ürç edip okamak endiklerini terbiýelemekdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu asylly ýörelgeler mynasyp ösdürilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ylymly, bilimli, ösen tehnologiýalardan habarly bolmaklary, şeýle hem dünýä dillerini özleşdirmekleri babatynda zerur tagallalar amala aşyrylýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde gazanylýan ösüşler her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dabaralandyrmakda ýaşlaryň aýratyn orny bar. Häzirki wagtda ýaşlarymyz döwrebap tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýärler, ezberlik bilen erk edýärler.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde bu ugurdan kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem netijeli işler ýola goýulýar. Esasan hem, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenip, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary zerurdyr.
Häzirki ajaýyp döwrümizde kämil hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýa JUMAKOWA,
Aman Kekilow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.