Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasynyň şowhuny giň gerime eýe boldy. On bir ýyl mundan öň ak mekdebiň bosagasyndan ätlän çagalar bu günki gün ajaýyp zamanamyzda özbaşdak durmuşa gadam basýarlar. Dabara açyk diýlip yglan edilensoň, Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Çäräniň dowamynda orta mekdebiň uçurymlaryna ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem orta mekdebi tapawutlanyp tamamlaýan uçurymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilime bolan aýratyn yhlaslylygy, erjelliligi, bilesigelijiligi we zehini bilen tapawutlanyp, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dürli zehin bäsleşiklerde tapawutlanan uçurymlara Bilim bölümi tarapyndan hormat hatlary gowşurylmagy aýratyn häsiýete eýedir. Şeýle hem okuwçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary has hem täsirli boldy. Dabara meýdançasynda uçurymlar soňky jaň kakdylar. Asuda asmanymyzda parahatçylygyň buşlukçysy bolan ak kepderiler peýda boldy. Dabara münberiniň öňünden batly gadamlar bilen geçip barýan dogumly ýaş uçurymlar Watanmyza özleriniň mynasyp goşantlaryny goşarlar. Biz hem şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerine çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.