SARYMSAK

Sarymsak Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere baýdyr. Kesewini dürtseň,gögerýän ene ýerimizde ösüp ýetişýän dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň biri-de sarymsakdyr. Onuň işdäni açmak,iýmit siňdirişi kadalaşdyrmak, ödi, içegeleri arassalamak, damarlary giňeltmek, peşew işläp çykarmak, şeýle hem ýüregiň gan aýlanşyny kadalaşdyrmak ýaly häsiýeti bar. Sarymsak lukmançylykda giňden ulanylýar. Onuň spirte ýatyrylan görnüşi peşew haltadan we böwrekden daş çykarmakda hem-de guragryny aýyrmakda ulanylýar. Şonda 40 gram owradylan sarymsak 100 gram araga garylyp we şol erginiň 10 damjasy nahardan öň içilýär. Sarymsak gan basyşy ýokarlanan adamlaryň we ateroskleroz keselli nä saglaryň kelleagyrysyny, baş aýlanmasyny, ukysyzlygyny aýyrýar we akyl zähmete bolan ukybyny ýokarlandyrýar. Sowuklamada, demgysmada, gökbogmada sarymsak mesge ýagyna garylyp, döşüň töweregine we arkada boýnuňa çalynýar. Mesge we süýt bilen garylan sarymsak iriňli ýaranyň tiz bitmegine ýardam edýär. Owradylan sarymsak ýada onuň şiresi siňňili aýyrmakda ulanylýar. Sarymsak çeýnelende, dişleriň düýbi bekäp, agyzdaky ýaralar bitýär. Ezilen sarymsakdan dem alynda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasy bejerilýär. Bu serişde bilen iriňli we bitmesi kyn bolan ýaralar aňsatlyk bilen bejerilýär. Sarymsak içegedäki soguljany aýyrmakda hem ulanylýar. Şonda 5-8 diş sarymsak gaýnadylan suw bilen içegäni ýuwmaly ýa-da sarymsagyň 1 dişini içegede ýerleşdirmeli.

Atageldi TAGANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Sarahs etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA