“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR”

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygy esasynda 25-nji maý “Soňky jaň” dabarasyny hem-de Aşgabat şäheriniň döredilen güni mynasybetli guramaçylykly geçirmeli diýen tabşyrygyndan ugur alyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan birnäçe duşuşyklar çäreler yzygiderli şu günlerden geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärzek geňeşliginiň Aba Annaýew adyndaky 33-nji orta mekdebiniň uçurym ýaşlarynyň arasynda “Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar” atly şygar astynda sorag jogap arkaly bäsleşik geçirildi. Uçurymlaryň durmuşy bilen bagly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýörite taýýarlan soraglary esasynda uçurym ýaşlar bije çekmek arkaly sorag jogap alşyldy. Dabaraly duşuşygy 33-nji orta mekdebiniň müdiri Şöhrat Allalyýew açyp Ýaşlar guramasynyň wekilleri O.Gurtgeldiýewa, A.Baýramowa dagylary çykyş edip Uçurym ýaşlary öňmizdäki baýramçylyk dabaralary bilen gutlap Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsun aýdyp janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Soňra duşuşyk dabarasynyň dowamynda Uçurymlaryň durmuşy bilen bagly soraglara uçurmy ýaşlar uly joşgun bilen dogry dürs jogap berdiler duşuşyk dabarasynyň dowamynda aýratyn işjeň gatnaşan uçurym ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň adyndan ýörite taýýarlanan baýramçylyk sowgatlary hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

KEŞDEÇILIK SUNGATY

Indiki makala

SARYMSAK

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA