Gökdepe etrabynyň Yzgant şäheriniň Berdimuhammet Annaýew adyndaky medeniýet köşgünde gelin – gyzlaryň gatnaşmagynda keşdeçilik sungatyny hasda içgin öwrenmek maksady bilen sergi geçirildi. Bu çärä Ahal welaýatynyň jemgyýetçilik guramalary işjeň gatnaşdy. Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar berişine görä ÝUNESKO–nyň Marokkanyň Rabat şäherinde geçirilen medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde şeýle çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Habarda 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda giň ylalaşyga esaslanyp ýokarda agzalan komitet "Türkmen keşdeçilik sungaty" hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizmek goldady. Bu hödürnama 2021-nji ýylyň martynda ýurduň maddy däl medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde Türkmenistan tarapyndan başlangyjy öňe sürüldi. Şol bir wagtyň özünde Eýran Yslam Respublikasy hödürnamanyň awtory hökmünde çykyş etdi.
Arzygül BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.