«MAŞGALAM – BAŞ GALAM» ADY BILEN GEÇIRILEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap geňeşi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Maşgala durmuşymyzyň özeni bolup, onsuz jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Maşgalaňy söýmek, ony agzybir saklamak – ýaşaýan ýurduňy, döwletiňi, Watanyňy söýmekdir. Birek-birege düşünýän maşgala bagtly hasap edilýär. Çagalar maşgalada uly bilen gepleşmegiň, myhman garşylamagyň, goňşy-golam, dogan-garyndaşlar bilen gatnaşyk etmegiň, mugallymy diňlemegiň, köpçülikde özüňi oňat alyp barmagyň ýollaryny öwrenýärler.

Duşuşyk şular dogrusyndaky söhbetlere baý boldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda her bir maşgalanyň sagdyn, agzybir bolmagynda döwlet tarapyndan bimöçber aladalar edýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA