Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Alym Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz BMG-niň bilim, ylym, medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň arasynda işjeň özara bähbitli ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn we maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi has-da giňelýär. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda bilim, ylym pudaklary boýunça birnäçe halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda Alym Arkadagymyz: «Häzirki günde ýurdumyz geljekki uzak ýyllarda Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply, giň möçberli reformalary we özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär. Ýurtda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär, olar häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalaryny peýdalanmaga, innowasion önümçilik gurluşyny döretmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge esaslandyrylandyr» diýip belläp geçýär.
Has takygy, 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Durnukly ösüş üçin Ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşlaryň ekologiýa bilimi durnukly ösüşiň we ýagty geljegiň binýadydyr» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu geçirilen ylmy amaly maslahat umumy mejlisden we 3 bölümçeden ybarat boldy. Ylmy amaly maslahat umumy mejlisden we 3 bölümçeden ybarat bolup, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 14 sanysy işjeň gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi sanly bilim ulgamynyň gazananlaryndan peýdalanyp, onlaýn formatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkeziniň jaýynda geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatda täsirli çykyşlaryň köpsanlysy diňlenildi. Olarda ýaşlaryň ekologiki medeniýetiniň döwrüň talap edýän esasy gymmatlygyna öwrülýändigi, Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýandygy, ýurdumyzyň sebitlerinde ekologiki abadançylygy üpjün etmekde ähli zerur çäreleriň amala aşyrylýandygy, Türkmenistan döwleti soňky ýyllaryň dowamynda ekologiki meselelere bagyşlanan sebit we halkara derejesindäki dürli ylmy maslahatlara gatnaşýandygy, BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryny ýerli we sebit derejesinde üstünlikli durmuşa geçirýändigi we olaryň netijeleri dogrusynda bellenilip geçildi.
Geçirilen bu ylmy-amaly maslahat ýokary netijä eýe bolup, okuw mekdepleriniň mugallymlaryna we talyp ýaşlaryna ekologiýa medeniýeti boýunça düşünjelerini ýokarlandyrmakda ähmiýetli boldy.
Ogulşat HUDAÝBERENOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň Jemgyýeti
öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.