TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

AŞGABAT, 7-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, degişli edaralaryň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol Ýaragly Güýçlerdäki işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň şu edaranyň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýlede Milli goşuny döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda alnyp barylýan işler barada habar berildi. Hasabatyň dowamynda harby gullukçylary Ýaragly Güýçlerden boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak barada-da aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünleriniň takyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi, kadaly durmuşy üçin amatly şertleri döretmek üçin işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berildi. Hormatly Prezidentimiz watançylyk, eziz Watanymyza wepalylyk ruhunda ýaş esgerleriň we harby talyplaryň arasynda çäreleriň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Baş prokuror S.Mälikgulyýew hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça 2023-nji ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerini goramaga gönükdirilen çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy we Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, hukuk tertibini üpjün etmek we paýtagtymyzyň, welaýatlaryň awtomobil ýollarynda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunda ýangyn howpsuzlygyna gözegçilik edýän ýörite müdirlik tarapyndan geçirilýän çäreler barada hem aýdyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunylygy üpjün etmek we düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi  çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Içeri işler ministrliginiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmek üçin netijeli usullary we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň zerurdygy bellenildi. Ýol ulag hadysalarynyň öňüni almaga berk gözegçilik etmek içeri işler edaralarynyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Tomus möwsüminiň gelmegi bilen, ähli ýerlerde ýangynyň döremegine garşy göreşmek kadalarynyň berk berjaý edilmegi bilen bagly meseleler üns merkezinde saklanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Soňra içeri işler ministri temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriň ýurdumyza bikanun getirilmegine hem-de ulanylmagyna garşy göreşmek  boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhedindäki gözegçilik geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri, döwletimiziň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi. Habar berlişi ýaly, hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Ýurdumyz dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar, temmäkä garşy göreşmekde netijeli hereketler ýaýbaňlandyrylyp, alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda bu iş has-da giň gerime eýe boldy. Bu babatda türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň doly aradan aýrylmagyna gönükdirilen we bu önümleriň ýurdumyzyň çägine getirilmegine  berk gözegçiligi, öňüni alyş hukuk çärelerini göz öňünde tutýan işi güýçlendirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu serişdeleriň bikanun ýaýradylmagynyň, ulanylmagynyň, ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ugurdaş harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde zerur işleri dowam etdirmegi ministre tabşyrdy. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen toplumlaýyn işler, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we olary gündelik işde ulanmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň işini umumy ykrar edilen halkara standartlara hem-de häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk guramagyň wajypdygyny belledi. Şeýle-de kazyýet ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli çözmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça çäreleri görmek, işgärleriň işi we ýaşaýyş­-durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek babatda anyk tabşyryklar berildi. Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda kadaly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle­de bu edaranyň düzümlerinde işiň döwrebap usullarynyň we  innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, parahat durmuşy üpjün etmegiň eziz Watanymyzyň durnukly ösmeginiň esasy şertleriniň biridigini nygtady. Gazanylýan uly üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler döwletimizde howpsuzlyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri çözmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň üstüne ýüklenen wezipeleriň, işgärleriň jogapkärçiliginiň örän uludygyna ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler, şeýle hem bu edarany ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň üstüne Garaşsyz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak ýaly jogapkärli wezipäniň ýüklenendigini nygtady. Serhetlerimiz goňşy ýurtlaryň ählisi bilen hemişe dostlugyň serhetleri bolmagynda galmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu gullugyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysyna mundan beýläkde serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi üçin göwnejaý şertleri döretmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda görlen çäreler, degişli ösüş Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.  Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny seljermegiň hemde häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kanunçylygy kämilleşdirmegiň esasy wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Ilatyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kabul edilýän kanunlaryň many mazmunyny düşündirmek, işiň täze usullaryny ornaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de bu edaranyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmek üçin döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymyndaky geostrategik ornunyň barha artýandygyny belledi. Işiň möçberiniň artmagy gullugyň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we gümrük serhedi arkaly harytlaryň daşalmagynyň we ulag serişdeleriniň gatnawlarynyň tertibiniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy hem­de işde sanly ulgamy giňden ulanmagy tabşyrdy. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe berk käýinç yglan etdi. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wolsahatow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, garalýan döwürde bu edarany ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek, onuň işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, şol sanda sanly ulgamy we oňyn tejribäni netijeli ulanmak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Bu düzümiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler edaranyň şahsy düzüminiň üstüne aýratyn jogapkärçiligi ýükleýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we işgärleri taýýarlamagy, migrasiýa çärelerini geçirmek üçin halkara ülňülere laýyk gelýän şertleri döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny hem­de dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny nygtady. Şu ýörelgelerden ugur almak bilen, ýurdumyzyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. Bu resminama laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri mundan beýläkde kämilleşdiriler, döwletimiziň goranyş ukyby berkidiler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş­-durmuş, gulluk şertleri gowulandyrylar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meselelere­de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

(TDH)