TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

AŞGABAT, 12-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şunda kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş  bölümleri bökdençsiz işledilýär. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny berjaý etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän galla oragyny ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamagyň, bu işlere jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de häkime bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk guralmagy, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagy we işleriň depgininiň güýçlendirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Welaýatda galla oragy möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Hususan-da, bugdaý orýan kombaýnlar, awtoulaglar, galla kabul ediş bölümleri sazlaşykly işledilýär. Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär, ýetişdirilen ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm bolan galla oragynyň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de orakda ulanylýan kombaýnlaryň, galla daşaýan awtoulaglaryň doly güýjünde, bökdenç siz işledilmegini, bu ugurdaky işleriň talabalaýyk guralmagyny, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen  meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagy, onuň depginleriniň ýokarlandyrylmagy babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin bugdaý ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar, galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz işledilýär. Şunuň bilen bir hatarda, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär, şaly ekilen meýdanlara gowy ideg edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem­de galla oragyny guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, onuň depginleriniň güýçlendirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň  barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy gowşamaýan depginde dowam edip, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň we galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işini üpjün etmek, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şeýle hem sebitde ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen bol hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär.