Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň, ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ýaly möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy.
5-nji iýunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý oragy guramaçylykly dowam edýär, möwsümde kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny almak maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlandy, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişine taýýarlyk görüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, gowaça ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriò netijeleri, Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, degişli edaralaryň maddyenjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläkde kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Elektron haryt-ulag delil hatynyň elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň döredilmegini üpjün etmäge, şeýle hem Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi. Resminama Türkmenistanyò “Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa, Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama” goşulmagy bilen baglylykda, şeýle hem haryt-ulag delil hatyny resmileşdirmegi has-da kämilleşdirmek maksady bilen gol çekildi.
8-9-njy iýun günlerinde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen ýurdumyzda boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň arasyndaky duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikir alşyldy.
9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengri- ýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplaryň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary tassyklanyldy. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki döwletiň degişli edaralaryna özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de eksport-import görkezijilerini sazlaşdyrmaga gönükdirilen anyk teklipleri işläp taýýarlamak boýunça tabşyryk bermegi teklip etdi. Mundan başga-da, energetika, ulag, derman senagaty, dokma senagaty, oba we suw hojalygy, maýa goýum işi ýaly geljegi uly ugurlarda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň, telekeçiler birleşmeleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda öýlerini, wekilhanalary, hususy işewürligiň wekilleri üçin maglumat-maslahat beriş meýdançalaryny açmak baradaky mümkinçilikleri öwrenmek teklip edildi. Energetika ulgamynda, hususan-da, geljegi uly we örän zerur ugur bolan tebigy gazdan wodorod öndürmekde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şeýle hem Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesini ösdürmek bilen baglylykda, ulag ulgamy, senagat kooperasiýasy, medeniynsanperwer ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Premýer-ministr Wiktor Orban hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Wengriýa sapar bilen gelmäge çagyrdy. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyò Döwlet etalon merkezi bilen Budapeşt paýtagt şäher hökümetiniň diwanynyň Metrologiýa we tehniki gözegçilik müdiriýetiniň arasynda metrologiýa babatda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Wengriýanyň Içeri işler ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söw da ministrliginiň arasynda «Stipendium Hungaricum» maksatnamasynyň çäklerinde 2024 — 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyò Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Syýahatçylyk agentliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýalar ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz depginli ösmegini dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, ozalkysy ýaly, BMG we beýleki halkara guramalar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giòden hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyò içeri syýasatynyň möhüm ugurlary barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde gazanylan depginiň durnukly saklanylýandygyny belledi. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Hökümetiň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde, hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim möçberinde boldy. Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki desgalar meýilleşdirilen möçberde gurlup ulanmaga berildi. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, beýleki sebit taslamalary durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulandyrylmalydyr, şu ýylda göz öňünde tutulýan ähli taslamalar birkemsiz ýerine ýetirilmelidir.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 4 sany “Boeing 737-8” kysymly we 2 sany “Boeing 777-367ER” kysymly howa gämilerini satyn almak barada Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny” tassyklady, şeýle hem Türkmenistanyò Bütindünýä metan borçnamasyna goşulyşmagyny öwrenmek meselesine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasyny makullady.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 22-nji iýuny — 15-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Ministrler Kabinetiniò ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.
Geçen hepdede Mejlisde Moldowa Respublikasynyň we Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri Waleriu Kiwerden hem-de Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatlary kabul edildi. Duşuşyklaryň dowamynda diplomatlar Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen, türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.