Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolan düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.
12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy. Häzirki wagtda oba hojalykçylar üçin gyzgalaňly möwsümiň gelendigini belläp, döwlet Baştutanymyz galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegi, oraga gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz we sazlaşykly işledilmegi babatda tabşyryklary berdi. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlaryň indiki möwsüme taýýarlanylmagy üçin sürüm işleriniň geçirilmegi möhümdir. Gowaça ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly, öz wagtynda alnyp barylmalydyr.
Welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. 12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň iki taraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde okgunly ösüşe eýedigi bellenildi, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklar köptaraplaýyn esasdaky üstünlikli dialogyň mysalydyr. Soňky ýyllarda köpugurly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň üstüni ýetirýän parlamentara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň bu ulgamda esasy hyzmatdaşlarynyň biridigi, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.
13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Gyzylarbat etrabyndaky «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany, ýolbaşçysy, şeýle hem Gyzylarbat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory bilen söhbetdeş bolup, olaryň iş şertleri, bugdaý meýdanlarynyň hasyllylygy we maşgala ýagdaýlary bilen gyzyklandy, obasenagat toplumyna hususyýetçiligiň işjeň çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artýandygyny aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyryljakdygyny aýtdy. Döwletimiz bu pudaga täze tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagy dowam etdirer, ekerançylaryň işini ýeňilleşdirmek meseleleri bolsa hemişe üns merkezinde saklanar.
15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bar bolan kuwwaty we milli obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem hünär derejesini ýokarlandyrmak we ugurdaş işgärleri taýýarlamak boýunça yzygiderli esasda okuwlary guramak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Hökümetiň mejlisiniň gün tertibine halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylandygyny belledi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümini gowulandyrmak hem-de depginli ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda gurluşygyna badalga berlen Arkadag şäherini görkezmek bolar. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherde alnyp barlan işler dünýä ülňülerine laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy. Arkadag şäheriniň döwletimiz we halkymyz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetiniň bardygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bilen berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen işleriň dowam etdiriljekdigini belledi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döwlet ähmiýetli ilkinji şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen Kararlaryň birnäçesine gol çekdi.
Ýygnananlary we halkymyzy ýetip gel- ýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz 28-29-30-njy iýunda ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana, 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylyşyny ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmek hakynda Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soňra, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgyly gutujygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň biriniň düýbüne atdy. Täze guruljak binanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny oklan döwlet Baştutanymyz, halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi.
Dabaranyň dowamynda şäheriň edara-kärhanalaryna elektrobuslar we elektromobiller, jemagat hojalygynyň tehnikalary hem-de gulluk awtoulaglary sowgat berildi.
Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna girizilendigini bellemelidiris. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini tassyklaýar.
Dabaradan soňra, milli däp-dessurlara eýerilip, toý sadakasy berildi. Çärelere gatnaşanlaryň ählisine «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitap sowgat gowşuryldy. Onda gaznanyň alyp barýan işi baradaky maglumatlar jemlenýär.
Bu möhüm wakadan birnäçe gün öň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz halkalaýyn ýoluň abadanlaşdyrylyşy, ýol-ulag düzümleriniň desgalarynyň netijeli hyzmat etmegi üçin döredilen şertler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyna taýýarlyk meseleleri, täze şäheriň elektrobuslarynyň we elektrotaksileriniň degişli derejede saklanmagy, olara tehniki hyzmatlaryň ýola goýulmagy babatda ähli zerur şertler göz öňünde tutulan ýolagçy ulaglaryň jemlenýän duralgasynyň gurluşy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binalarynyň bir bitewi sazlaşygyny emele getirmäge gönükdirilen işler bilen ýakyndan tanyş boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet ähmiýetli şäheriň açylyşy mynasybetli çäreleriň şatlyk-şowhuna beslenip geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Açylyş dabaralary Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan, ahalteke bedewlerine ählihalk söýgüsiniň nyşanyna öwrülen Akhan atly bedewiň binasynyň ýanynda badalga alar.
14-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, obasenagat toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. «Bugdaýly tejribe-tohumçylyk» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza iş sapary bilen gelen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti I.Kuzmin bilen duşuşdy.
Myhman bilen geçirilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda obasenagat toplumynyň düzümleriniň işini häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, pudaga ylmyň täze gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine üns berildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhan birleşiginiň kärendeçisi we mehanizatory bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri, maşgala durmuşy, ekin meýdanlarynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy, daýhanyň haýyşy boýunça kemsiz ýetişen ak bugdaýdan bir desse orup, bugdaý oragyna başlamaga ak pata berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurnalan bassyrmanyň saýasynda degişli ýolbaşçylar we ýurdumyzda bolýan myhmanlar bilen oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary, hojalygy dolandyrmagyň täzeçil usullary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Mejlisde geçirilen duşuşyk geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasynda giň ugurlardaky, şol sanda syýasy, ykdysady, ekologiýa we adam ölçegleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde, başga-da birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar geçirildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine 2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komissiýasynyň agzasy hökmünde ýerine ýetiren işleri baradaky hasabat girizildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň bu iri halkara guramanyň düzüminde eýeleýän ornuny berkitmek, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly taslamalarda we maglumat alyş-çalşygynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ýaly möhüm meselelere seredildi. 30 ýylyň içinde bilelikde durmuşa geçirilen işleriň, medeni-ynsanperwer ulgamda, taryhy ýadygärlikleri gorap saklamakda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine aýratyn üns çekildi.
Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyz bilen BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen düzüminiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň anyk ugurlaryna garaldy.
Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň alymlaryndan başga-da Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Wýetnamyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlar, esasan, nano we himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ýaly ugurlarda alnyp barylýan ylmy barlaglar barada boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Foruma gatnaşan daşary ýurtly alymlar türkmen kärdeşleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklap, milli ösüş maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Ylymlar güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Geçen hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly hem-de «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä halkara guramalaryň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Özbegistandan alymlar we hünärmenler, medeniýet işgärleri, sahna ussatlary gatnaşdylar. Medeni forumyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary, horeografiýa boýunça ussatlyk sapaklary, döredijilik, tans we folklor toparlarynyň köpöwüşginli çykyşlary guralyp, olarda saz sungatynyň, milli däp-dessurlaryň gaýtalanmajak nusgalary öz beýanyny tapdy.
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Perman, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak hakynda Karar bar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin
Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň syýasy, ykdysady ulgamlarda gazanan täze üstünliklerine beslendi.
(TDH)