TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI SYÝASATY HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE GOŞANTDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. 2023-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ata Watanymyz diňe bir ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başyndan bäri halkara derejeli, ähmiýetli wakalaryň örän köp bolandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany ýazdy. Pekinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler üstünlikli boldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan we HHR dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ýangyç-energetika toplumy strategik döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Durmuşa geçirilen ХХI asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» strategiýasynyň hem-de Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň utgaşdyrylmagynyň geljegini nazara almak bilen, ulag we logistika ulgamy hem möhüm ähmiýete eýedir. Netijeli syýasy dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Türkmenistan bilen HHR BMG-niň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde işjeň gatnaşyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça şu ýylyň maý aýynda Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we HHR-iň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar hem dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň iri sebitleri bilen bolan ysnyşykly gatnaşyklar möhüm orny eýeleýär. Gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar, şeýle hem paýtagtymyzda geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň netijeleri taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde arap dünýäsiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň Abu Dabi şäherinde BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynda döwletara gatnaşyklaryň giň ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, olary hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berendigi bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygy bilen gatnaşyklary hem ilkibaşdan okgunly ösdürilýär. Häzirki döwürde taraplar dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymynda Bahreýn Patyşalygyna bolan resmi sapary hem muny aýdyňlyk bilen görkezdi. Manamada döwlet Baştutanymyzyň Paty- şa Hamad bin Isa Al Halifa bilen geçiren gepleşikleriniò gün tertibine dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň giň meseleleri girizildi. Saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen köp sanly resminamalar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýdy. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 19-20-nji martynda Katar Döwletine amala aşyran döwlet sapary bu ýurt bilen özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli gatnaşyklary ösdürmekde täze ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniò arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar hem-de resminamalaryň toplumy taraplaryň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, işewür gatnaşyklary giňeltmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň çäklerinde Dohada ýurdumyzyň ilçihanasynyň açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylyň dekabrynda degişli Permana gol çekilendigini bellemelidiris.

Türkmenistanyň türki dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklary, şol sanda köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygy hem netijeli, dostlukly häsiýeti bilen tapawutlanýar. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň noýabrynda ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasynda (TDG) synçy derejesine eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça 16-njy martda Ankara şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna şaýatlyk etdi.

Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almakda hem-de olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle hem sebit we halkara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri girizildi. Mälim bolşy ýaly, fewral aýynda Türkiýede köp sanly pidalara we weýrançylyklara getiren güýçli ýer titreme bolup geçdi. Türkmenistan birek-birege kömek bermegiň we ynsanperwerligiň ozaldan gelýän ýörelgelerine eýermek bilen, tebigy betbagtçylyk baradaky habara çaltlyk bilen seslendi hem-de türk halkyna doganlyk goldawyny we ynsanperwerlik kömegini berdi.

TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolup durýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini, doganlyk we raýdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýurdumyz halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, oňyn sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça degişli toparynyň sammitine gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz 2-nji martda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumda çykyş edip, pandemiýadan soňky döwürdäki dikeldiş bilen bagly ileri tutulýan wezipeleri çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlary beýan etdi. Şol gün Baku şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda berkidilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

 Halkara guramalar bilen özara gatnaşyklar meselesine baglylykda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köptaraply hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Dürli ulgamlarda amala aşyrylýan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyò birnäçe Kararnamalarynyň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. Şol hyzmatdaşlyk strategik esasda ösdürilýär.

Şolaryň hatarynda 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy plenar mejlisinde biragyzdan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama bar. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň dekabryndan bäri Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bitarap Türkmenistan merkez bilen  işjeň hyzmatdaşlyk edip, onuň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýär we dünýäniň bu strategik taýdan möhüm sebitinde netijeli işleri ilerletmäge ýardam edýär.

 

(TDH)