Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini mundan beýläk hem ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Çagalar baglarynda şekillendiriş sungaty boýunça gyzyklanma çäreleri, körpeleriň daş töweregi gurşap alýan hadysalara düşünmek ukyplarynyň ösmegine ýardam edýär.
Çagalaryň erk-islegleriniň, döredijilik başarnyklarynyň, gözellik duýgularynyň ösmeginde şekillendiriş işleriniň ornuna terbiýeçi oňat düşünmelidir. Bu ugurdan körpelere talabalaýyk bilim, terbiýe bermegi şekillendiriş sungatyny oňat bilýän, surat çekmegi, şekil ýasamagy, sungat eserlerini we çagalaryň döredijilik işlerini derňemegi başarýan terbiýeçi amala aşyryp biler. Surat çekmek, şekil ýasamak we ýelimlemek işleriň görnüşleridir. Şekillendiriş işleriniň we gurnamagyň esasy maksady çagalara hakykaty şekillerde şöhlelendirmegi öwretmekdir. Şekillendiriş işleri mekdebe çenli çagalaryň iň bir gyzyklanýan işleriniň biridir. Şonuň üçin hem çaga öz duýgularyny şekilleriň üsti bilen beýan etmäge irki ýaşdan başlap mümkinçilik döretmeli, çaganyň döredijiligini dürli ýollar arkaly goldamaly, höweslendirmeli. Şekillendiriş işleri we gurnamak, ilkinji nobatda, çagalara hemmetaraplaýyn, döwrebap terbiýe bermegiň serişdesidir.
Şekillendiriş işleri islendik akyl ýetirme işi ýaly, çaganyň akyl terbiýesi üçin uly ähmiýete eýedir. Şekillendiriş işleri çagalarda ünsi, synçylygy ösdürýär. Bir zadyň suratyny çekmek, şekilini ýasamak üçin, ilki onuň bilen tanyşmaly, onuň daş görnüşini, ululygyny, gurluşyny, bölekleriň ýerleşişini, reňkini öwrenmeli, ýatda saklamaly.
Çagalar öz işlerinde jemgyýetçilik durmuşynyň wakalaryny suratlandyrýarlar. Körpelere olara bolan garaýşyny şöhlelendirmäge mümkinçilik bermeli. Şekillendiriş işleri we gurnama çagalaryň bütin terbiýeçilik işiniň netijesinde alýan bilimleri we düşünjeleri bilen berk baglanyşmalydyr. Köpçülik bolup işler döredilende ylalaşykly işlemek, umumy işi ýerine ýetirmek barada pikir alyşmak başarnyklary terbiýelenýär, birek-birege kömek bermäge bolan höwes ýüze çykýar. Çaga diňe özi üçin däl-de, eýsem, doganlaryny, ene-atasyny begendirmek üçin hem surat çekýär, şekil ýasaýar. Ol öz çeken suratynyň bir zatlar gürrüň bermegini, şekillendiren zadyny beýlekileriň tanamagyny isleýär. Işi ýerine ýetirýän wagty çaga beýan etmek isleýän hadysalaryny hem wakalaryny ýadyna salýar. Olar tarapyndan ýüze çykýan şol duýgulary täzeden başdan geçirýär.
Ilkinji sapaklarda çagalaryň uly toparda kagyz bilen işlemekde ele alan başarnyklary we endikleri berkidilýär. Bu toparda gurnamak işi oýun bilen berk baglanyşyklydyr. Oýunlar çagalaryň islegleri boýunça ýüze çykýar, olar, köplenç, birnäçe günläp şol oýnawajy oýnaýarlar. Oýun döwründe çagalar öz gurnawlaryny we oýnawaçlaryny kämilleşdirýärler. Şonuň üçin hem okuw otagynda körpeleriň ýasan zatlaryny we oýunjaklaryny saklamak üçin şertler döredilmelidir. Çagalaryň özara tejribe alyşmaklary üçin, olaryň ýasan işleriniň sergileri guralyp, olar köpçülikleýin synlanmalydyr. Bu toparda çagalary ulag serişdeleriniň dürli görnüşleri, binalar we beýleki gurluşyk işleri bilen tanyşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Munda diňe olaryň umumy alamatlaryna däl-de, eýsem, şol gurluşyklaryň anyk aýratynlyklaryna hem üns berilýär, olaryň çeperçilik gymmaty hem-de niýetlenişine laýyklygy bellenilýär. Alnan düşünjeleri çagalar soňra öz gurnamalarynda beýan edýärler.
Çaga zatlaryň häsiýetli aýratynlyklaryny tapawutlandyrmagy we ýadynda saklamagy başarýar. Ol barmaklaryny has-da sazlaşykly hereketlendirip bilýär. Bu bolsa olara has ownuk şekilleri gyrkmaga we ýelimlemäge mümkinçilik berýär. Çagalar köpburçluklary saýgaryp, dogry atlandyryp bilýärler, oýunjaklaryň, dürli zatlaryň gurluşyna, daşky görnüşine has aýdyň göz ýetirýärler. Şonuň üçin olaryň işleri çylşyrymlylygy, mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalaryna syn edip ýa-da göz öňüne getirme boýunça aýry-aýry zatlaryň şekilini, mazmun baglanyşykly bezeg şekillerini ýasamak tabşyrylýar. Çagalar pikirlenme boýunça şekil ýasamak sapaklarynda şekiliň ýasalyş usulyny, beýan ediş serişdelerini we temasyny özbaşdak saýlaýarlar. Hyýalyndaky zatlaryň döredijilik çözgüdini tapmak uly gözegçilik tejribesini talap edýär. Şekillendiriş işleriniň esasyny düzýän çagalaryň hyýalyndaky çeper keşpleri baýlaşdyrmak üçin terbiýeçi olara mahsus bolan özboluşlylygyny bellemek bilen, zatlary maksatly synlamagy guraýar. Ýasan şekiliniň täsirli bolmagy üçin körpeler şekilini ýasamakçy bolýan haýwanlarynyň gylyk-häsiýetini öňünden öwrenýärler. Çapyp barýan atlaryň şekilini ýasamazdan öň, körpeler olaryň çapýan wagty aýaklarynyň, boýnunyň hereketini synlaýarlar. Ugrukdyryjy soraglar bilen terbiýeçi olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna çagalaryň ünsüni çekýär.
Mekdebe taýýarlaýyş toparynda terbiýeçi şekil ýasamagyň diňe çagalara nätanyş tärlerini görkezýär. Ol işlerini meýilnamalaşdyrmakda, şekil ýasamagyň usulyny saýlamakda (mysal üçin, şaý-sepleri ýasamak üçin ilki plastilini ýukajyk edip ýaýmaly, suduryny çyzyp, gerek şekili kesip almaly, soňra gaşjagazlar bilen bezemeli we ş.m.) çagalara özbaşdaklyk berýär.
Ululyk gatnaşyklaryny dogry bermek bilen adamyň şekilini ýasamak, dürli hereketleri dogry şekillendirmek körpelere heniz kyn düşýär. Munuň üçin terbiýeçi çagalaryň çeken suratyny synlaýar we käbir aýratynlyklary öwredýär.
Gyzyklanma çäresiniň ahyrynda çagalaryň işlerini derňemegiň uly ähmiýeti bardyr. Şekil ýasamaga höweslendirmek üçin terbiýeçi ertekilerden bölekleri, goşgulary okap berýär. Çagalara haýsy hem bolsa bir oýun üçin dürli şekilleri ýasamagy tabşyrýar (mysal üçin, oýnawaç dükany üçin oýunjaklary, haýwanat bagyndaky haýwanjyklary we ş.m.). Çagalaryň başarnyklaryny, özbaşdaklygyny, işe döredijilikli çemeleşmesini ösdürmek, esasan, okuw işiniň dogry guralyşyna, usullaryň, tärleriň dogry saýlanylyp alnyşyna baglydyr.
Ýazgül ÖWLIÝÄGULOWA,
Aşgabat şäherindäki 25-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.