Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym, bilim pudagynda hem sanly ulgama geçmek bilen, innowasion ösüşleriň esasynda, ýagny interaktiw, multimedia, onlaýn we beýleki elektron hyzmatlardan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijesini berýär. Şeýle özgertmeleriň esasyny bolsa ylym-bilim düzýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr» diýip belleýär. Munuň özi, ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar.
Bilşimiz ýaly, alymlar, şahyrlar, dana kişiler hem ylym öwrenmegi hemişe ündäpdirler, nesihat edipdirler. Hususan-da, şahyrlar öz döredijiliklerinde ýaş nesli terbiýelemekde edep-öwüt meselesine aýratyn üns beripdirler. Bu ýagdaýy geçmişde ýaşap geçen türkmen nusgawy şahyrlaryň şygyrlarynda hem görmek bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir,
Nesihatym uly ile ylymdyr— diýip, ylmyň adam üçin zeruryýetdigini nygtaýar. Şeýle hem beýik nusgawy şahyrymyz Magtymguly:
Ylym-taglym alan seni unutmaz,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy — diýmek bilen, ylym, bilim alan ojagyň mukaddesdigini, onuň hiç wagt unudylmaýandygyny şahyranalyk bilen beýan edýär. Görşümiz ýaly, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy her bir ynsan üçin ylmyň, bilimiň ähmiýetiniň uludygyny goşgularynda beýan edipdir. Ata-babalarymyz ylym, bilim meselesini ähli zatdan ýokary goýupdyrlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasion ösüşler zamanynda institutymyzyň alymlary tarapyndan, türkmen dil bilimi boýunça ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy, bu ugurda dürli görnüşdäki sözlükleriň, gollanmalaryň düzülmegi, olaryň halk köpçüligine ýetirilmegi jemgyýetçilik durmuşynda uly ähmiýete eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen dili türki halklaryň arasynda örän baý sözlük goruna eýe bolan dilleriň biri hasaplanýar. Sözlük gorumyzdaky sözleri düýpli we çuňlaşdyryp öwrenmek, olary ählitaraplaýyn ylmy derňew işlerine çekmek meselesine uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ynsanperwer ylymlary ösdürmek, häzirki zaman türkmen dilini we onuň taryhyny düýpli öwrenmek hem-de halkymyzyň milli gymmatlygy bolan ene dilimizi dünýä ýaýmak we halkara giňişliginde wagyz etmek meselesi şu günki günüň möhüm meseleleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylmy taglymatlaryna esaslanýan ene dilimizi, edebiýatymyzy, taryhymyzy, milli mirasymyzy dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmek we bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda türkmen ylmynyň diňe bir ýurdumyzyň ýa-da sebitiň çäklerinde däl, eýsem, dünýä giňişliginde ýaýbaňlanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Munuň şeýledigine 2024-nji ýylda belleniljek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň halkara giňişliginde wagyz edilmegi hem doly şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny toýlamak bilen bagly daşary ýurtlarda halkara giňişliginde wagyz işleri alnyp barylýar.
Ata-babalarymyzdan miras galan medeni-ruhy baýlyklarymyza, şol sanda türkmen dil biliminiň meselelerine aýawly garamak, ene dilimizi wagyz etmek mukaddes borjumyzdyr, çünki türkmeniň taryhy, dili, edebiýaty, medeni-ruhy mirasy bilen baglanyşykly gymmatlyklar halkymyzyň köpasyrlyk maddy, medeni we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň döreden iň gadymy we gymmatly mirasy ýaş nesillere bilim,terbiýe bermek ýörelgesidir.
Ylym, bilim, terbiýe uzak wagtyň we yhlasly zähmetiň miwesi hasaplanýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim pudagyndaky oňyn özgertmelerde, Türkmenistanyň ylmy kuwwatynyň düýpli ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bimöçberdir. Ylym bilim ulgamynyň ösdürilmeginde giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ata GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we
milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.