Türkmenistana «Bagtly çagalygyň ýurdy» diýýäris. Bu jümläniň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesliň terbiýeli, watansöýüji, ahlakly, şeýle-de ruhy hem-de beden taýdan sagdyn nesil bolup kemala gelmegi üçin edýän irginsiz aladalary ýatyr. Çagalar — biziň ertirki günümiz. Ýurdumyzyň ähli ýerinde ýaş nesilleriň saglygyny berkitmekleri, dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejedäki şertleri özünde jemleýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň bina edilmegi, ençeme döwrebap stadionlaryň, saglyk ýollarynyň, sport mekdepleriniň, sport meýdançalarynyň, saglyk öýleriniň, şypahanalaryň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi we ýene-de köpsanly tutumlar muňa mysal bolup biler. Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň durmuşynda aýratyn ýatdan çykmajak gyzykly başdan geçirmeler, şatlykly wakalar başlanýar. Tomus möwsüminde olar ähli amatlyklary bolan döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler.
Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.