NESIL TERBIÝESI — ASYLLY ÝÖRELGE

Eziz Diýarymyzda çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatda alnyp barylýan syýasat halkara derejede goldanylýar. Türkmenistanda eneligi we çagalygy kanuny esasda goramaga, çaganyň ukyplarynyň ösdürilmegine gönükdirilen işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan terbiýelenmegine we ösmegine uly üns berilýär. Bu ugurdaky amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesilleriň geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda çaganyň bilim almaga hukugy kepillendirilýär. Döwlet çaganyň zehininiň ösdürilmegini we bilimliligini höweslendirýär. Bilim özgertmelerine laýyklykda, çagalara berilýän bilimi we terbiýäni döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleriň taýýarlygyny we gaýtadan taýýarlygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda çaganyň saglygy goraýyş ulgamynda tölegsiz lukmançylyk kömegini almagyny üpjün etmekde olaryň sagdyn ösüşini, doly iýmitlenmegini, kämil endikleriň kemala gelmegini gazanmak üçin netijeli iňler durmuşa geçirilýär.

Maşgalanyň we mekdebe çenli bilim edaralarynyň esasy wezipeleriniň biri-de sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek bilen baglydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň maşgala däbine öwrülmegi asylly ýörelge hasaplanýar. Şunda çagalar, ilkinji nobatda, ululardan, hususan-da, ata-enelerden görelde alýarlar. Çaganyň hemme taraplaýyn beden taýdan ösüşini üpjün etmek hem-de saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işlerde maşgala agzalary we durmuş şertleri wajyp orny eýeleýär. Şonuň bilen birlikde, mekdebe çenli bilim edaralary esasy merkez hökmünde çykyş edýär. Çaganyň işjeňlik döwrüniň aglaba bölegiň ol ýerde geçýär.

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 —­2025­nji­ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu Maksatnama laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edarasynyň maşgala bilen bilelikdäki işiniň esasy mazmuny maşgala çaganyň irki ýaşdan başlap hemme taraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we ony mekdebe taýýarlamak babatda usuly ýardam bermekde,şeýle-de bu babatda ata-eneleriň endiklerini kämilleşdirmekde jemlenýär.

 Mekdebe çenli bilim milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu ugur çaganyň irki ýaşdan başlap duýgularyny ösdürmek, şahsyýetiniň beden hem-de akyl taýdan sazlaşykly ösüşiniň esaslaryny kemala getirmek, ony milli we umum adamzat ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak, onda ukyplary, zehini ýüze çykarmak hem-de ösdürmek, daşary ýurt dillerini öwretmek, arassaçylyk ýaly endikleri terbiýelemek, çagany mekdepde okamaga taýýarlamagy üpjün etmek maksatlaryna hyzmat edýär.

Mekdebe çenli bilimiň maksatnamalaryny, düzgün boýunça, bir ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar özleşdirýärler. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamak meselesi mekdebe çenli çagalar we umumy bilim edaralarynyň arasynda sazlaşykly yzygiderliligi üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Mugallym çagalaryň maşgala agzalary bilen gatnaşyk saklamagy çaganyň beden we aň taýdan saglygyna içgin aralaşmaga ýardam edýär.

Mekdebe çenli ýaş beden we aň taýdan saglygyň binýady goýulýan döwürdir. Hut şu wagt aralygynda beden agzalary işjeň ösýär, şahsyýetiň esasy häsiýetli aýratynlyklary, dünýägaraýşy kemala gelýär. Şu jähetden, bu ýaşda çagalara sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky bilimleri we amaly endikleri öwretmek, beden terbiýäniň we sportuň ulgamlaýyn maşklaryna aňly-düşünjeli islegleri döretmek möhüm ähmiýete eýedir. Çagalaryň ir säher bilen bedenterbiýe maşklaryny etmegi, gündizki ukudan soňra gimnastika bilen meşgullanmagy, hereketli oýunlar bilen gezelenç etmegi, barmaklaryň gimnastikasyny ýerine ýetirmegi, dürli beden agzalarynyň işiniň ähmiýetini hem-de näsaglygyň döremeginiň sebäplerini bilmegi, tebigat bilen özara gatnaşygynyň giňden ýola goýulmagy nesil saglygyna oňaýly täsir edýär. Şeýle hem çaganyň ruhy saglygynyň goraglylygyny üpjün etmegiň peýdasy uludyr. Aýratyn hem, çaganyň witaminli önümler bilen, deň agramly we sagdyn iýmitlenmegine üns bermek gerek. Maşgala agzalarynyň perzendi bilen bilelikde açyk howada gezim etmegi, bedenterbiýe maşklarynyň guralmagy ýokary netijeleri berýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesi we onuň esaslary baradaky düşünjäni körpeler üçin ony sada ýollar bilen kem-kemden öwretmek we olaryň her bir gazanan ownukdyr iri üstünliklerini taryplamak wajypdyr. Tejribäniň görkezişi ýaly, dogry iýmitlenmek, kadaly gün tertibini berjaý etmek, talabalaýyk dynç almak, arassaçylygy saklamak, taplanmak ýaly ýönekeý endiklerden daşary olarda goşmaça sport gurnaklaryna gatnamaga höwes döretmek, maşgala bolup gezelenç etmek, çaganyň saglygynyň berke me gine we ruhubelent bolmagyna, ukypdyr başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýardam edýär.

Sagdyn nesil—jemgyýetiň geljegi. Geljegimiz bolan ýaş nesiller barada alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Gülälek TANGIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we

demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

Meňzeş habarlar