Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de «Gujurly bilim merkeziniň» ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda «Ýaşlar we ösüş» ady bilen maslahat geçirildi. «Gujurly bilim merkeziniň» Änew şahamçasynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň meýletinçi ýaş hünärmenleri çykyş edip, olarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty we ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn bagtyýarlygy ugrunda döredilýän şertler dogrusynda täsirli söhbetler edildi.
Şeýle çäreleriň ýene biri «Gujurly bilim merkeziniň» Änew şahamçasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de «Gujurly bilim merkeziniň» ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda «21-nji asyrda çaga terbiýesi» ady bilen geçirildi. Forum görnüşinde geçirilen bu çärede çagalar we ýetginjekleriň hukuklary we olaryň goraglylygy barada Kakajan Agajykow, Sylap Ataýew, Merdan Amanýazow, Merdan Şadurdyýew ýaly tejribeli mugallymlaryň dürli temalar boyunça çykyşlary diňlenildi. Şeýle hem forumda oňa gatnaşýan ene-atalar özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça soraglara kanagatlanarly jogaplary aldylar.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň hünärmeni.