ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRYLMAGY — ÝURDUMYZY SENAGATLAŞDYRMAGYŇ MÖHÜM ŞERTI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, täze önümçilikleri işe girizmegiň hasabyna toplumyň mümkinçiligini artdyrmak üçin zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmek arkaly pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary işjeň ornaşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak möhümdir. Watanymyz ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyrmak üçin olary tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär.

Ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň emele gelmeginde, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde we energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynda düzüminde elektroenergetika, gaz, nebit pudaklarynyň üstünlikli hereket edýän ýangyç-energetika toplumynyň wajyp orny bardyr. Soňky ýyllarda elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwaty artdy we tebigy gazda işleýän, iň täze tehnologiýalary özünde jemleýän hem-de döwlet energiýa paýlaýjy ulgamyna girýän döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi hereket edýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýän gaz pudagy, şol bir wagtda, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Häzirki döwürde bu pudakda tebigy gazyň täze gorlaryny gözlemek we özleşdirmek, taýýar önümi ibermäge, saklamaga, gaýtadan işlemäge, taýýar ýangyçlary sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilikde öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Bu pudak tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Çig maly gaýtadan işlemekde ulanylýan ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak gaz senagaty pudagynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Gazylyp alynýan nebitiň möçberini artdyrmak maksady bilen, nebit känlerini abatlamak, pudagyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Nebitiň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylmagy senagatda iň häzirki zaman enjamlaryň we beýleki tehnologik täzelikleriň ulanylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Önümçiligiň möçberini artdyrmak, öndürilýän önümiň görnüşlerini giňeltmek we dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň möhüm wezipesi içerki bazary diňe bir ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek bolman, eýsem, nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin çig mal binýadyny döretmekden hem ybaratdyr.

Nebit, diňe bir ýangyç serişdesi bolman, ol himiýa senagatynyň binýatlaýyn esasyny-da emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli eşikler, aýakgaplar, plastik önümleri we boýaglar öndürilýär. Mundan başga-da, metallurgiýada giňden ulanylýan elektrodiodlary hem nebit serişdelerini ulanmazdan öndürmek mümkin däldir. Şunuň bilen birlikde, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebit gazynyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň, gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçiliklerini ýola goýmakda-da möhüm bolup durýar.

Ýangyç-energetika toplumynda ýokary ösüşleriň gazanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat-innowasion ösüşini çaltlandyrmaga ýardam berýär, Türkmenistan halkara energetika bileleşiginiò öňdebaryjylarynyň biri hökmünde ornuny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligiň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrylmagy, energiýa serişdelerini ugratmakda köpugurly turba geçiriji ulgamyň döredilmegi wajyp wezipeleriň biridir.

Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe döwletleri Durnukly ösüş maksatlarynyň ilkinji wezipeleriniň hatarynda ekologik meseleleri özleriniň gün tertibinde esasy orna çykarýarlar. Şonuň üçin-de, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek babatda döwrebap enjamlary satyn almak üçin täze maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri işe girizmek Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlardyr.

  Ekologik ölçegleri öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary ekoulgama aýawly çemeleşmek we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak arkaly innowasion ösüşi işjeňleşdirmegi we daşky gurşawy geljekki nesiller üçin goramagy maksat edinýär. Dünýä ykdysadyýetiniò ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunda daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar.

Ekologik talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir. Türkmenistan Ýer ýüzünde öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde energetika howpsuzlygy meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiò ünsüni çekmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär. Ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran wezipeleri çözmekde daşary ýurt maýa goýumlaryny, tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp baryp, ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Munuň şeýledigine guralýan maslahatlar we duşuşyklar, şol sanda şu ýylyň 26-njy aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum hem şaýatlyk edýär.

Energetika pudagyny mundan beýläkde durnukly ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly hem görkezildi. Foruma ýurdumyzyò ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz, işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşdylar. Bu forum dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň subutnamasy boldy. Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniò gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary “Açyk gapylar”, deňhukukly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alyşmak hem-de teklipleri öwrenmek üçin ajaýyp meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Göçme maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilen halkara maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň ösüşi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmäge degişli taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda özara hereketleriň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Ileri tutulýan wezipeleri çözmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyò anyk guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Ýurdumyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşişi hem-de uglewodorod serişdelerini baý gorlaryna eýe bolmagy bilen, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir. Özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga ukyply döwlet hökmünde Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan döwletler, iri kompaniýalar, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy.

Diýarymyzyň nebitgaz pudagynyň we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ussat hünärmenleriniò bellemeklerine görä, daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleriniň ýurtdaky ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň durnuklylygyndan, degişli kanunçylyk binýadynyò bolmagyndan ybaratdyr. Bu ýere ýygnananlar milli nebitgaz pudagynyň gazanan üstünlikleri, ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy. Forumda Türkmenistanyň tebigy gazy toplumlaýyn gaýadan işlemäge ähmiýet berip, energiýa serişdelerini iri iberiji hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, energetika serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiò täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işe özüniň gatnaşmagynyň häsiýetini hil taýdan özgerdýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, gaz geçirijileriniň kuwwatyny artdyrmak, täze ýataklaryň işe girizilmegi, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän, şol sanda, nebithimiýa,  gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudagyna, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary, gaz gysyjy desgalary, her welaýatda täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda, polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinilhlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürýän iri senagat kärhanalaryny gurmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Şunda ekologik ýagdaýa aýratyn ähmiýet berler.

Türkmenistan sanly tehnologiýalar, häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi arkaly nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän, geljekde uly mümkinçilikleri bolan senagat, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny we iri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi işjeňleşdirýän döwrebap toplumlary gurup, dünýä bazaryna energiýa serişdelerini eksport etmekde ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrar. Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň iri uglewodorod ýataklarynyò çäklerinde geofiziki barlaglary geçirmek, gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlaryny 3D usulda modelirlemegi täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Nebitgaz ýataklarynda ulanylýan guýularyò önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, buraw işlerini güýçlendirmek, täze, ýokary netijeli we ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, nou-haulara esaslanýan önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şunda çig maly çykarmakdan, gaýtadan işlemekden, önüm öndürmäge, bäsdeşlige ukyply ýokary goşmaça bahaly önümi ýerlemäge çenli doly tehnologik halka dörediler.

Şol bir wagtyň özünde, gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljekki ösüş meýilnamalary ekologik ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda tebigy serişdeler rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak barada yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy baradaky meseleler boýunça möhüm halkara başlangyçlar durmuşa geçirilýär.

Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini çykarmakda ekologik töwekgelçilikleri azaltmaga, önümçilik tapgyrlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, häzirki zaman dolandyryş çözgütlerini ulanmak üçin halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygy aýratyn bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda şeýle işler oňyn netijelerini berýär. Bu babatda döwletimiz degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretdi. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldawa eýe bolup, energiýa serişdeleriniň öndürilmegi bilen birlikde, olaryò üstaşyr iberilmegi hem-de ulanylmagy ýaly ulgamlary gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda BMG-niň kabul eden Kararnamalary bilen berkidildi.

Şeýle hem forumda iri nebitgaz kompaniýalarynyň bilermenleri bu ulgamdaky täze işläp taýýarlamalaryň tanyşdyrylyşlary bilen çykyş edip, «ýaşyl» energetika tehnologiýalarynda tejribeleri we täze ylmy işläp taýýarlamalary, innowasion taslamalary bilen çykyş etdiler.

Ýakyn ýyllarda nebitgaz pudagy boýunça möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, Watanymyzyň ösüşini we abadançylygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyny üpjün eder.(TDH)