HÜNÄR BAÝRAMÇYLYGY BELLENILDI

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda her ýylyň 6-njy awgustynda «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni» dabaraly bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen bu maslahat «Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýaş zähmetkeşleriň hyzmaty» diýlip atlandyryldy. Oňa Arkadag şäheriniň çäginde zähmet çekýän ýaş senagatçylardyr gurluşykçylar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Dabarada birnäçe çykyşlara giň orun berildi we olarda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda gazanylýan üstünlikler babatda täsirli gürrüňler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda gurluşyk, senagat we energetika toplumynyň köpugurly ösdürilmegine, baý tebigy serişdeleriň işjeň ulanylmagyna we sebitleriň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm maksatnamalar işjeň hereket edýär. Döwletimizde milli senagaty ösdürmek, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryna maýa goýumlaryny gönükdirmek esasynda täze döwrebap önümçilik kärhanalaryny gurmak hem-de ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, önümçilige sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, sanly innowasion tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ýola goýmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Muny biz sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Çünki bu ýerde beýleki ulgamlar bilen bir hatarda gurluşyk we senagat toplumyna degişli birnäçe binalardyr desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Buýsandyrýan ýagdaýlaryň biri-de dünýäniň öňdebaryjy tehnikadyr tehnologiýalary ornaşdyrylan bu edaralarda ýurdumyzyň ýaşlary halal zähmet çekýärler.

     Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan bu ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlara baýramçylyk mynasybetli sowgatlaryň gowşurylmagy olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.