ÝAŞLAR ÝAŞLYGYŇ ŞÄHERINDE

Golaýda ýaş ýazyjy-şahyrlardan, şol sanda ýaşlar baýragynyň eýelerinden, ýaş alymlar bäsleşikleriniň ýeňijilerinden, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryndan we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat topar Arkadag şäherinde boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylan «akylly» şäherdäki medeni-durmuş maksatly desgalardyr seýilgähler bilen giňden tanyşmak maksady bilen guralan döredijilik çäresine gatnaşanlar ýolugra şäheriň ajaýyplyklary, täsinlikleri barada söhbetdeş bolup, özara pikir alyşdylar, joşgunly aýdymlary diňlediler.

Ýaşlar, ilki bilen, şäheriň «Akhan» binasynyň aýratynlygy bilen tanyşdylar. Ajaýyp tebigatyň goýnunda biri-birinden gözel binalara syn edeniňde, olarda ýaşajak, zähmet çekjek we okajak ýaşlaryň bagtyýarlygyna buýsanýarsyň. Bu ýerde ylym-bilim ojaklary, sport desgalary uly orun eýeleýär. Olar ýaş nesliň dürli ugurlar boýunça bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin zerur şertleri özünde jemleýär. Gezelenç «Arkadag binasyna» baryp görmek bilen dowam etdi. «Arkadag» stadiony-da gezelenje gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Soňra olar Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna baryp, gadymy golýazmalar, halk döredijiliginiň we häzirki zaman edebiýatynyň nusgalary, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan ajaýyp eserler bilen tanyşdylar. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary-da bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Olar ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň ähli döwürlerini görkezýär. Gadymyýetiň, bürünçdir demir asyrlarynyň, neolit we eneolit eýýamlarynyň, orta asyrlaryň hem-de beýleki döwürleriň belli ýadygärlikleri hakynda gyzykly maglumatlary özünde jemleýär.

Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler zalynda geçirilen «Arkadag şäheri — ýaşlygyň we geljegiň şäheri» atly maslahat-duşuşyk-da täsirli boldy. Onda çykyş edenler täze taryhy döwürde kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini bellediler. Çykyşlarda-da nygtalyşy ýaly, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, täze şäher adamlaryň zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän iň kämil we amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Köpetdagyň eteginde döredilen bu şäher ekologik abadançylygyň nusgasy bolup durýar. Bu ýerde sanly ulgam esasynda iş alyp barýan edara-kärhanalar, durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, döwrebap elektrobuslary we elektrotaksileri özüne birleşdirýän ulag-kommunikasiýa ulgamy daşky gurşawyň ekologik abadançylygyna goşant goşar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesiller babatda ählitaraplaýyn tagallalary edýän, olara uly ynam bildirip, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI