Şu günler Türkmenistanyň ähli sebitlerine jöwzaly yssy howa akymy aralaşdy. Beýle ýagdaý dünýäniň köp döwletinde hasaba alyndy. Dowam edýän yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak esasy wezipe bolup durýar. Bu barada lukmanlar şeýle maslahatlary berýär. Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň jöwzaly yssysynda çagalaryň daşarda oýnamaklaryna ýa-da gezelenç etmeklerine rugsat bermeli däldir. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem zerurdyr. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizligiň ukynyň bozulmagynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir. Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başyňa başgap geýmek, şeýle-de gözleriňe Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmak, gün şöhlelerinden goranmak üçin saýawan götermek we bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen, suwuklygyň der üsti bilen köp mukdarda bölünip çykmagy netijesinde, bedendäki deňagramlylyk bozulyp, gan goýulaşyp bilýär. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Eýsem, yssy günlerde nähili geýinmeli? Aşa yssy howada daşarda gezmek maslahat berilmeýär. Süýr günortan wagty göni düşýän şöhle adamyň tenine zeper ýetirip bilýär. Şol sebäpli ýuka, ýeňli we giň eşikleriň geýilmegi maslahat berilýär. Mälim bolşy ýaly, islendik zadyň reňki onuň yza serpikdirýän şöhlesiniň reňkidir. Ýagny, ak reňk özüne düşýän hemme reňkdäki şöhleleri yzyna serpikdirýän bolsa, gara reňk ähli şöhläni özüne çekýär. Gök reňkli zat diňe gök reňkli şöhläni yzyna serpikdirip, beýleki reňkdäki şöhleleri özüne çekýär. Şonuň üçin adamlar güneşli günlerde ak we açyk reňkli eşikleri geýýärler. Bu reňkler şöhläni yzyna serpikdirýändigi üçin yssy howada geýmegi maslahat berilýär.
Bahar ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň uly buhgalteri.