YKBALY GALKYNAN BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda  ýaşlary beýik geljegimiziň gurujylary hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly strategik syýasatynyň netijesinde, ýaş nesliň bilim-başarnygyny, hünär endigini döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, amatly ýaşamagy üçin döredilýän şertler ösen raýat jemgyýetiniň kemala gelýändigini görkezýär. Ýylyň şygaryndan belli bolşy ýaly, olaryň ukyp-başarnygyny giňden ýaýmagy üçin döredilýän mümkinçiliklerem, şertlerem ozalkylaryndan birnäçe esse zyýatlygy bilen tapawutlanýar. Ýaşlaryň döwletiň hem jemgyýetiň möhüm ugurlarynda öz pikirini aýdyp, işleriň alnyp barlyşyna gös-göni gatnaşyp bilmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar bu günki günde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda öz beýanyny tapýar.

Biz bu hakykata Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmeginiň mysalynda hem göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlaryň buýsançly başlaryny ýene bir ýola arşa göterdi. Çünki, Arkadag şäheri — ýaşlaryň bagt şäheri. Bu şäheriň döredilmegi külli türkmeniň kalbyndaky arzuwlarynyň amala aşmasy bolup dünýä ýaýyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, bu gün ýaş nesliň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda terbiýelenmegi, ak mermere beslenen mekdeplerde bilim almagy, kämilleşmegi üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň bagtyýar geljeginiň kepilidir. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde döredilen şertler bolsa olaryň sagdyn ösmegi babatda edilýän tagallalaryň aýdyň mysalydyr.

Çaga ؙ— ynsanyň bagty, ömrüniň manysy. Türkmen halky perzendini aýratyn mähir-muhabbet bilen gurşap alýar. Göreldäniň, söýginiň, hormatyň, mähriň, sylagyň güýji bilen çaganyň kalbyna nusgalyk edep kadalaryny guýýar. Milli terbiýeçiligiň bu ajaýyp ýörelgesi barada taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly alymlar haýran galmak bilen belläpdirler. Ilhalar nesli terbiýeläp ýetişdirmekde maşgala terbiýesiniň aýratyn orny bar. Agzybir, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Hut şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň başlangyjy bilen ejizi goldamaklyga, mätäje hemaýat etmeklige hem pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň dowamyna eýerip şeýle hem Watanymyzyň röwşen eýeleriniň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi hem-de ata-babalarymyzyň pähim-parasatly, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmekde döreden kämil ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny, haýyr-sahawatlylygy döwlet syýasatynyň derejesine çykarmaklyga we ony durmuşa geçirmekde türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine aýratyn uly orun berýär. Bu babatda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň açylmagy hem ata-babalarymyzyň sahawatlylyk, ejize howandarlyk ýörelgeleriniň dowamydyr.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýurdumyzyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalaryň çagalaryna birnäçe operasiýalar edildi. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirildi. Munuň özi kalby mähirden doly bagtyýar çagalaryň eneleriniň buýsançly başlaryny göge ýetirdi.

Howwa, eneler hemişe ýagşylygyň ýarany bolup ýaşaýarlar. Çagasynyň aýagyna çümen tiken enäniň ýüregine täsir edýär. Ene söýgüsinde serhet ýok. Ol çagasyny haýsydyr bir üstünligi ýa-da üýtgeşik owadanlygy üçin däl-de, onuň şu dünýäde barlygy üçin bagtlydyr. Ene üçin perzendiniň bagtyýarlygyndan uly bagt ýokdur.

Megerem şeýle bagtyýarlyk Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bu merkezlerde bejergi alýan çagalaryň sagdyn ulalyp kemala gelmegi babatda haýyrly we sogaply işleri amala aşyrmagynda hasyl bolýar diýsegem öte geçdigimiz bolmaz.

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan pähim-parasatly syýasatynyň netijesinde çagalary ynsanperwerlik ýörelgeler esasynda terbiýelemek, fiziki we intellektual ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Şeýle çemeleşmeler ählumumy makullanma mynasyp bolýar we dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolýar. Goý, elmydama ýurdumyzda kalplary buýsançdan, nurana ýüzleri mähirden doly bagtyýar çagalaryň şadyýanja gülki sesleri her bir maşgalada hemişe belentden-belent ýaňlanyp dursun!

Türkmenistany bagtly çagalygyň we bagtyýar ýaşlygyň ýurduna öwrüp, halkymyzy eşretli döwre ýetiren, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 1037 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI