Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleri bilen türkmeniň ösen aň-düşünjeli täze nesli kemala gelýär. Döwletimiziň bilim syýasatynyň düýp mazmunynda belent maksatlar goýulýar. Şoňa laýyklykda, bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ýurdumyzyň mekdeplerini täze okuw ýylyna taýýarlamak möhüm işleriň biridir. Gyzylarbat etrabyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymlary we beýleki işgärleri hem täze okuw ýylyna taýýarlykly barýarlar.
Mekdepde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri irgözinden başlandy. Mekdep binasynda hem-de synp otaglarynda abatlaýyş işleriniň hiliniň oňat bolmagy üçin alada edilýär. Mekdebiň başlangyç synp mugallymlarynyň bu babatdaky yhlasy netijesinde synp otaglary gözel görke getirildi.
Okuwçylaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmekleri, çuňňur bilim almaklary we döwletimize hem-de jemgyýetimize wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan mugallymlaryň, tehniki işgärleriň zähmetini dogry guramaga çalşylýar.
Wezipe jogapkärçiligimize düşünmek bilen biz okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň talabyna laýyk alyp barmakda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerinden hem-de sargytlaryndan ugur alýarys.
Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde okuw kitaplary hem gözden geçirildi, okuwçylara paýlanjak kitaplar taýýar edildi. Şeýle hem kitaplaryň umumy sany tertiplendi. Bu bolsa täze okuw ýylynda okuwçylaryň kitap üpjünçiliginiň oňat bolmagyna ýardam eder. Çünki kitap bilimleriň çeşmesi hasaplanylýar.
Umuman, mekdepde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri netijeli alnyp barylýar. Yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aň-düşünjeli, kämil ahlakly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky tagallalary mugallymlary has-da gujur-gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Ogulgül ATAÝEWA,
Gyzylarbat etrabyndaky Maglumat tehnologiýalary,
programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna
ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň müdiri.