OKUWÇYLARYŇ DIL BAÝLYGYNY ARTDYRMAK

Güneşli Diýarymyzda bilim alýan ýaşlarymyzyň öz pikirlerini aýdyň, düşnükli sözläp, sowatly ýazyp beýan etmeklerini gazanmak türkmen dili, edebiýat mugallymlarynyň esasy borçlarynyň biridir. Şundan ugur alyp, türkmen dili hem edebiýat sapaklaryny berk baglanyşdyryp, her bir sapagyň netijeli bolmagyny gazanmaga çalyşýarys.

Dilimiziň grammatikasynyň sintaksis bölüminde sözlemler, sözlemde sözleriň baglanyşygy, many hem pikir aňladyşlary, gurluşlary taýdan görnüşleri, sözlem agzalary doly öwrenilýär.

Ýokary synp okuwçylary bilen sintaksise degişli temalary geçenimde, temanyň gowy özleşdirilmegine oňyn täsir edýän sintaktik derňewi yzygider geçirmegi ýola goýýaryn. Sapagyň bilim berijilik, öwredijilik, terbiýeleýjilik taraplaryna aýratyn üns berýäris.

Sapakda derňewi geçirmegiň wagtyny, ornuny meýilleşdirip, ony sapagyň berkidiji hem jemleýji bölümlerinde geçirýäris.

Derňewi ediljek sözlemleri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndan we beýleki çeşmelerden saýlap alýarys.

Okuwçylaryň geçen synplarda ele alan morfologik derňemek başarnyklaryna daýanyp, sözlemleri doly däl sintaktik derňemekden başlap, kem-kemden doly sintaktik derňew etmäge geçmek bolýar.

Ýönekeý hem goşma sözlemler baradaky bilimleri öwredenimde okuwçylaryň sözlemleri derňände ilki sözlemiň baş agzalaryny, ýagny baş agzalaryň haýsy söz toparyndandygyny, gurluşyny, şeýle-de sözlemiň aýyklaýjy agzalaryny tapmagy tabşyrýaryn. Şonda sözlemiň eýesine ýa-da atdan bolan her bir agzasyna baglanýan aýyklaýjy sözüň aýyrgyç bolýandygyny, aýyklaýjy söz sözlemiň habaryna ýa-da işlik manydaky her bir agzasyna baglanýan bolsa, bu aýyklaýjy agzanyň doldurgyç bolýandygyny anyklaýarys.

Okuwçylara goşma sözlemleri derňedenimde sözlemiň gurluşy taýdan düzmelimi ýa-da eýerjeňli goşma sözlemdigini aýtdyrýaryn. Olara düzmeli we eýerjeňli goşma sözlemleriň düzümindäki ýönekeý sözlemleri, olardan sözleriň biribiri bilen many we grammatik baglanyşygyny doly ýüze çykarmagyny tabşyrýaryn.

Mysal üçin, synp tagtasyna: «Işlemedik—dişlemez» diýen nakyly ýazyp, okuwçylara ony derňemegi tabşyrýaryn. Derňewi şeýle geçirmek bir tarapdan sapagyň işjeňligini artdyrsa, ikinjiden okuwçylaryň gyzyklanmasyna täsir edýär.

Many we pikir aňladyşy, gurluşy taýyndan biri-birinden tapawutlanýan ýönekeý hem goşma sözlemleri dogry derňemegi başaran okuwçylarymyzyň aňynda temalar berk saklanýar. Sözlemler hakyndaky umumy düşünjeleri ösýär. Olaryň sözlemleri özbaşdak guramak başarnyklary kämilleşýär. Okuwçylaryň pikirlerini dilden, ýazuwdan täsirli beýan etmeklerine mümkinçilik döredýär.

Okuwçylarymyzyň özbaşdak ýazýan beýannamalarynyň, düzmeleriniň sowatly we täsirli bolmagynda ähmiýeti uly bolan grammatik derňewleri yzygiderli geçirmek özüniň oňyn netijesini berýär.

Garypjan GELDIÝEW,

Darganata etrabyndaky 5-nji orta

mekdebiň mugallymy.

Meňzeş habarlar