BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli we kämil düşünjeli bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, terbiýeli bolup ýetişmegi, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmekleri hem-de Diýarymyzyň jana şypaly, sapaly ýerlerinde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, hususanda, gözel Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri aýdyň mysaldyr.

Şu günler Gökdere jülgesinde çagalaryň şadyýan sesleri batly ýaňlanýar. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşynyň her güni şatlykly geçýär.

Ýakynda biziň «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezine baran günümiz bu ýerde «Ezber eller» atly merkezara döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi geçirildi. Bu ýere beýleki merkezlerde dynç alýan, surat çekmekde bäsleşjek çagalar ýygnandylar. Çagalar asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça bäsleşdiler. Ýaş suratkeşler çeken suratlarynda Watanymyzyň gözel tebigatyny, Arkadag şäheriniň keşbini şekillendirdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan bu merkezara döredijilik bäsleşigine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ählisinden ezber elli çagalar gatnaşdylar, şeýle-de küşt, şaşka ýaryşlary-da geçirildi, çagalaryň dürli serişdelerden ýasan döredijilik işleriniň sergisi guraldy. Biz sergini synlap, «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezine dynç almaga gelen, Aşgabat şäherindäki 137-nji orta mekdebiň okuwçysy Goçguly Seýidow bilen söhbetdeş bolduk. Ol okuwdan boş wagtlary zergärçilik işi bilen meşgullanýan eken. Onuň ýasan göze gelüwli gülýakalary sergini synlanlaryň ünsüni özüne çekdi. Sergide ýaýbaňlandyrylan işler çagalaryň giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer nesil bolup ýetişýändigini görkezýär. Çagalara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Wagtlaryny sapaly jülgelerde geçirýän çagalaryň her güni gyzykly, ýatdagalyjy wakalara beslenýär. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalary täze açylan Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine, paýtagtymyzdaky «Ertekiler dünýäsine» we beýleki gözel ýerlere gezelenje äkidýärler. Şeýle hem merkezlerde çagalar döredijilik toparlary döredilipdir. Olarda folklor, tans, aýdym-saz, çeper okaýyş, kitaphana, tikinçilik toparlary hereket edýär. Umuman, sözümizi jemläp aýdanymyzda, ajaýyp mekanda dynç alýan çagalaryň her güni şadyýanlykda geçýär.

Altyngül GARAÝEWA,

«Mugallymlar gazeti»

SURATLARDA: dynç alýan çagalaryň

 durmuşyndan pursatlar

Surata düşüren Ahmet TURŞEKOW.

Meňzeş habarlar