Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Bu gün Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär hem-de häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň çözülmeginde öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen wajyp orun eýeleýär. Dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň giňelmegi, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýörite edarasy bolan ÝUNESKO bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn bellärliklidir.
Türkmenistan döwletimiz dünýä ähmiýetli ýadygärliklerini, medeniýetini we ylym-bilim ulgamyndaky gazananlaryny halkara derejesine çykarmak bilen eýýäm 30 ýyl bäri ÝUNESKO bilen halkara ähmiýetli netijeli gatnaşyklary dowam etdirip gelýär.
1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) döredilmegi bilen birnäçe döwletleriň çägindäki taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri gorap saklamakda, gaýtadan dikeltmekde we ýitip gitmek howpunyň öňüni almakda ÝUNESKO tarapyndan birnäçe işjeň çäreler alnyp barylýar. Diňe bir medeni, taryhy, tebigy, maddy we maddy däl ýadygärlikleri gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem ÝUNESKO degişlilikde ylym, bilim ulgamynda birnäçe wajyp taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirýär.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan edip, bada-bat 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany tassyklamak arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy.
Ynha bu ýyl Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşygyna 30 ýyl dolýar. Dünýä döwletleri, halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýylynyň içinde ýokary derejeli işler alnyp baryldy. Şu geçen taryhy döwürde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň 14 sany möhüm konwensiýalaryna agza boldy we şol degişli konwensiýalaryň çäginde birnäçe möhüm işleri durmuşa geçirip gelýär.
1994-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurdumyzyň çäginden taryhy we medeni ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Bu konwensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä taryhy we medeni mirasynyň sanawyna Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde 1999-njy ýylda «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasy, 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasy hem-de 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet taryhy-medeni ýadygärligi girizildi.
Şeýle hem 2011-nji ýylyň 25-nji noýabrynda ýurdumyz ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak» baradaky möhüm Konwensiýasyny kabul etdi. Bu Konwensiýa goşulmak bilen ýurdumyzdaky maddy däl milli we medeni gymmatlyklarymyz birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun aldy. Ýagny 2015-nji ýylda «Görogly» şadessany, 2016-njy ýylda «Nowruz» baýramy, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans sungaty», 2019-njy ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungaty», 2021-nji ýylda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» we 2023-nji ýylda «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizildi.
Bulardan başga-da ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan Adamzadyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin birnäçe milli hödürnamalaryň üstünde degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem 30 ýylyň dowamynda gurama bilen gatnaşygyň çäginde, degişlilikde ylym, bilim ulgamynda hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň ylym-bilim boýunça UNITWIN maksatnamasynyň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi., Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti» hem-de Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klublary açyldy. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ÝUNESKO burçy döredildi. Şu ýyl ýurdumyzyň 6 sany orta mekdepleri ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilip, bu mekdepleriň sanyny köpeltmegiň üstünde işler dowam etdirilýär.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň 30 ýyllyk hyzmatdaşlygy diňe bir ady agzalan ugurlarda däl-de, eýsem ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynda hem üýtgeşmeler we öňe gidişlikler gazanyldy. 30 ýyl bir döwletiň ömründe gysgajyk bir wagt çägi bolmagyna garamazdan, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň degişlilikdäki ulgamlarynyň çäginde gazanan üstünlikleri we durmuşa geçiren wajyp işleri sanardan has köpdür. Biziň 5 müň ýyllyk taryhymyzyň biz ýaş nesle miras galdyran taryhy, medeni we tebigy ýadygärliklerini geljekde-de Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli parasatly işleriniň netijesinde ÝUNESKO-nyň ýadygärlikler sanawy ýurdumyzyň taryhy, tebigy we medeni ýadygärlikleridir gymmatlyklary bilen has hem baýlaşar.
Kemal ANNAGURBANOW,
ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň Milli toparynyň
Sekretariatynda önümçilik tejribeligini geçýän
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň talyby.