DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

2023/2024-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti (iňlis dili).

II. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: psihologiýa-pedagogiki bilimi).

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Instituta ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-i;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 7-si;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 11-i;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 15-i;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 19-y;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 22-si.

Söhbetdeşlik:

taýýarlygyň “Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti (iňlis dili)” ugry boýunça iňlis dili dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda iňlis dilinde;

taýýarlygyň “Psihologiýa-pedagogiki bilimi” ugry boýunça häzirki zaman türkmen jemgyýeti dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda türkmen dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47, tel.: 34-67-17.

Meňzeş habarlar