S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalyk pudagynda).

4. Gidromeliorasiýa.

5. Weterinariýa.

6. Ýer ulanylyşy.

7. Maglumat ulgamlary (oba hojalyk pudagynda).

8. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.

9. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.

10. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.

11. Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy.

12. Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.

13. Ösümlikleri goramak.

14. Agrohimiýa.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-njy ýylyň 17-nji iýulyndan 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-njy ýylyň awgust aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

hünärler: dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy; pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy; turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy; oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi; ösümlikleri goramak; weterinariýa; agrohimiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: ýer ulanylyşy; gidromeliorasiýa; oba hojalygynyň mehanizasiýasy; maglumat ulgamlary (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş. 2009-njy (Görogly) köçe, 143; tel.: 34-91-24, faks:34-91-79.

Meňzeş habarlar