TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY ATAMYRAT NYÝAZOW ADYNDAKY ÝÖRITELEŞDIRILEN BANK MEKDEBI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Bank amallarynyň tehnologiýasy.

2. Bank karzlaşdyrmasy.

3. Banklarda buhgalterçilik hasaba alnyşy.

4. Bank işlerini programmirleşdirmek.

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl (bank işlerini programmirleşdirmek hünäri boýunça okuwyň möhleti 3 ýyl).

Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmegi üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy we jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 1916-njy (B.Annanow) köçe, 129, tel.: 28-71-56, 28-71-66.

Meňzeş habarlar