2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
I.Býujet esasynda:
1.Türkmen milli saz gurallary.
2.Kirişli saz gurallary.
3.Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.
4.Sazyň taryhy we nazaryýeti.
5.Aýdym aýtmak sungaty (wokal).
6.Bagşyçylyk sungaty.
7.Hor dirižýorlygy.
8.Saz mugallymçylygy.
9.Fortepiano.
10.Halk saz gurallary.
11.Horeografiýa sungaty.
12.Nakgaşçylyk.
13.Dizaýn.
Ýörite sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Ýörite sungat mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran oglan-gyzlar kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde (Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde) we Ahal welaýatynyň merkezinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— sazçylyk ýa-da çeperçilik bilimi barada resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;
— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk; dizaýn hünärlerine okuwa girýänler üçin).
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
- Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6-sy günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
— hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
— hünärler: horeografiýa sungaty; aýdym aýtmak sungaty (wokal) — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
— hünärler: nakgaşçylyk; dizaýn — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;
— beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.
Giriş synaglary sungat mekdepleriniň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça bolsa orta mekdepleriň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Arkadag ş., N.Halmämmedow köçesi, 3-nji jaý, tel.: 27-21-22, 27-20-50.