Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Magtymguly türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Akyldar şahyr barada Wamberi: “Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasyna goşup aýtmak türkmen üçin iň gowy hezillikdir. Magtymguly dünýäniň ähli kitaplaryny, ylmyny gowy bilip, ajaýyp zatlary döredipdir, örän oňat goşgular ýazypdyr” diýip, uly baha berýär. Görnükli rus alymy, türkolog Samoýlowiç bolsa: “Gökleň urugynyň gerkez tiresinden bolan Magtymguly külli türkmeniň halypasydyr” diýip ýazýar. Samoýlowiç türkmeniň Magtymgulysyny öwrenmekde gymmatly işiň başyny başlaýjydyr. Şeýle dünýäniň alymlarynyň ünsüni özüne çekip bilen beýik akyldara neneň guwanmajak, umumadamzat şahyry diýmejek. Şahyryň döredijiligi filosofik nukdaýnazardan durmuş hakykatyny özünde jemläp, hemişe adamlary ýagşylyga, agzybirlige, erkinlige çagyrýar. Ýaşan döwrüniň näçe hupbatly wakalaryny başdan geçirse-de, ejizligiň, adalatsyzlygyň, terkidünýäligiň öňünde mertlerçe durup, oňa garşy göreşen şahyr eýsem beýik bolup bilmezmi? Şahyryň şygryýeti turuwbaşdan halkyň hasratly ykbalyny, özboluşly psihologiýasyny, watançylygyny, gahrymançylygyny, ahlak päkizeligini, milli mertebesini, ruhy dünýäsini, paýhas joşgunyny, söýgi hem-de estetiki älemini nazara aldy. Ol özüniň beýik paýhasy bilen tutuş jemgyýetiň bitewi çeper keşbini döretdi.
Magtymgulynyň şygyrlarynyň güýçlüligi we durmuşylygy, olaryň şol döwrüň jemgyýetçilik durmuşyny – halkyň durmuşyny we ahlagyny dogruçyllyk bilen beýan edenligindedir. Akyldar şahyrymyzyň edebi mekdebiniň emele gelmeginde şahyryň ýaşan gurşawynyň, alan ylym-terbiýesiniň, eýeren edebi däpleriniň degerli täsiri bolupdyr. Şahyr diňe öz halkynyň däl, Gündogar halklarynyň-da geçmişini, edebiýatyny, sungatyny, filosofiýasyny gowy bilipdir. Onuň goşgulary kämillik derejesine ýeten şahyrlarymyza köp derejede nusgadyr.
Pähim-parasatly, akyldar şahyrymyzyň äleme aýan döredijiligi baradaky Gara Seýitliýewiň şeýle sözleri ünsüňi özüne çekýär:
Ýüreklerde ýürek sözün dolduran,
Dür söz bilen dünýä özün aldyran,
Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez,
Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz,
Dünýä durdugyça durar Pyragy,
Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy.
Hormatly Prezidentimiz edebiýatyň görnükli söz ussatlary bilen birlikde Magtymgulynyň edebi mirasynyň häzirkizaman ähmiýetine ýokary baha berýär.
XVIII asyrda beýik Magtymgulynyň: “Bir suprada eda bolsun aşymyz” diýip, türkmenleriň agzybirligi, jebisligi hakda eden arzuwlary, ajaýyp döwri biziň bagtyýar günlerimizde wysal bolýar. Bu gün ykbaly belentliklere göterilen Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly, baky berkarar ýurda öwrülýär. Halkymyzyň şöhratly medeni-taryhy geçmişini çuňňur öwrenmäge giň ýol açylýar, ahlak arassalygyny, päk söýgini, jebisligi ündeýän edebi-ruhy gymmatlyklarymyz halkymyza gowuşýar. Türkmeniň nusgalyk şahyryna dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändigini bellemek bolsa, has-da ýakymlydyr.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna eýýämden ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Munuň özi, akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny ýene-de bir gezek içgin seljermek, ony dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek üçin anyk we netijeli ädimdir.
Dürsoltan JUMAŞOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň
merkezi kitaphanasynyň Nazly Gylyjow adyndaky geňeşliginiň
kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.