BILIM WE YLYM — ALTYNDAN GYMMAT

     «Ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir» diýýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym we bilim binýadynyň berkidilmegi ugrunda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde bilim almak, ylym öwrenmek, hünär eýesi bolmak meseleleri täze mazmun we giň gerimli işler bilen has hem baýlaşdyrylýar. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk gurnamakda onuň maddy enjamlaýyn binýadyny döretmek häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugruny emele getirýändir. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy tagallalary netijesinde başy başlanan bu ugurdaky işleriň indi täze tapgyrlaýyn we toplumlaýyn esasda hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýändigi-de bellärliklidir. Şonuň ýaly-da ýaşlara berilýän bilimiň hili halkara derejesine laýyk ýola goýulýar. Munuň bilen birlikde ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna görä bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, taryhy döwürleriň içinde durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzda kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegine getirýär. Şonuň ýaly-da döwrebap bilim edaralarynyň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary bilen birlikde bilim ulgamynyň işgärleriniň öz wezipelerini netijeli ýola goýmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa bilim işgärlerini ýaşlara ýokary derejede bilim-sowat bermekde, ylyma, bilime höweslendirmekde, olary halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, beýik watançylyk ruhunda terbiýelemekde has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

     Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, hat-da iň çetki etraplarynda hem dünýäniň soňky gazananlaryny özünde jemleýän bilim we terbiýeçilik edaralarynyň gurlup ulanylmaga berilýändigini hem aýratyn nygtamak gerek. Ynha, üstümizdäki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň okuw ýylynda hem biziň Lebap welaýatymyzda täze döwrebap bilim edaralarynyň 9 sanysy bagtyýar nesillere öz gujagyny giňden açar. Ýagny, welaýatymyzyň bagtyýar nesilleri 2023 — 2024-nji okuw ýylyny täze orta mekdepleriň 8 sanysynda başlarlar we 1 sany çagalar bagynyň döwrebap binasy körpe nesilleriň ygtyýaryna beriler. Häzirki wagtda bu bilim edaralarynyň ählisini täze okuw ýylyna doly derejede taýýarlamak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde etrabymyzyň Seýdi şäherinde açyljak 500 okuwçy orunlyk orta mekdebiň binasy hem bagtyýar ýaşlar üçin toý sowgady bolar.

     Ýurdumyzda täzeçe pikirlenmegi başarýan, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýan bagtyýar ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda aladalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

 

Gülbahar BEŞIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

PAÝHAS HAZYNASY

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI