UMYDYŇY SÖNDÜRME (Hekaýa)

     Garaňkylyga ýüzüni tutup, halys ýoluny tapman, çykalgasyz ýagdaýda galan Selimiň “Halas ediň-ň” diýip, gygyrýan sesini hiç kim eşitmedi. Sebäbi ol sesler tümlüge garylyp, ýok bolup gidýärdi. Mundan netije çykmajagyny aňlap, bir yş umydynda töweregini garanjaklaýan Selimiň kalbyny barha gorky gurşap alýardy. Zymystanyň içinde ýer sermenekläp oturuşyna, tisginip oýandy. Bu zatlaryň ählisiniň düýşünde bolup geçendigini, biraz özüni dürsänsoň bildi. “Hudaýa şükür, düýşüm eken, arassa howadan dem alaýyn” diýip, daşaryk çykdy. Aý aýdyň gijede tutuş barlyk süýji uka gidipdi. Daşardaky tapçanda oturyp, bolan zatlary hakydasynda aýlady-da, düýşüni nämä ýorjagyny bilmän, esli oýlandy. Ol şu pursat göreçleriň garaňkylykdan başga zat görmese, adamy darykdyryp, hem hopukdyrjakdygyny bildi. Nurly dünýäniň ýagtylygyny görüp, ak-garany saýgarýanyna öz ýanyndan şükür etdi. Birden ýadyna kakasynyň ýegre dosty Kerim aga düşdi. “Bäh, Kerim aga hiç zat görmän nädip ýaşap bilýärkä” diýip, oýlandy. Oňa haýpy geldi. Ol pikirlerini ýene dowam etjekdi-de, ýöne adam bir-ä, ukyň öňünde, bir-de, arzuwyň öňünde ejiz gelýär diýýärler, Selimem gijäň süýji ukusyna maýyl bolup, öýe tarap ýöneldi...

     Durmuş hemişeki akymy boýunça dowam edip durdy. Ir ertirden bir saçagyň başyna jemlenen maşgala agzalary özara gürrüň edýärdiler. Üç oglunyň bagtyna guwanyp oturan Juma agadyr Näzik daýza garrylygyň hözirini görüp, agtyklaryny söýgüleýärdiler. Selim maşgalanyň körpesi bolansoň, ata-enesiniň oňa mähri başgaçady. Iki ogly bir ýana, ol bir ýanady. Selim şäherdäki alnyp barylýan gurluşykda işleýärdi. Durmuşyň gyzygyna gyzyp, döwrüň şadyýan aýdymyna sesini goşup, aýdym aýdýan ýigidiň kalbynda, bagt ganat kakýardy.

     Ýöne näme, durmuş mydam biziň isleýşimiz ýaly dowam edibermeýär, arasynda garaşmadyk wakalarymyz gözümizi gamaşdyryp, ykbal öwrüminiň düýpgöter üýtgemegine sebäp bolaýýar. Ýogsam bu bagtly maşgalanyň başyna beýle dert gelmese, gelmezdem. Kakasynyň “Dynç güni daga gül ýygmana gideris” diýeli bäri, her gün ejesine “Eje, haçan dynç güni gelerkä” diýip, Didarjyk bilen Enarjyk şol bir soragy gaýtalaýardylar. “Hiç gelmän geçdaý dynç güni” diýip, sabyrsyzlyk bilen garaşan körpeleriň arzyly güni ýetip geldi. Hemişekisinden ir oýanan çagalar gitmäge howlugýardylar. Gerekli zatlary ulaga eltip gelen Selim kakasy bilen şadyýan hoşlaşdy:

     – Kaka, biz-ä ýöredik onda, sag-aman oturyň!

     – Sag-aman gidip-geliň, çagalara göz gulak bol, oglum, garagollugyny edip, daga dyrmaşaýmasynlar – diýip, berk tabşyrdy.

     – Bolýa, kaka, alada etme, serederin!

     Şäherden saýlanyp, daga tarap ýola düşen ulagyň içinde gülki sesleri ýaňlanýardy. Çagalar diýseň şadyýandylar, olar bir-birine gezek bermän, ejesidir kakasyna sorag baryny berýärdiler. Olar dagyň etegindäki baýyrlyga nädip gelenlerinem duýman galdylar. Ulag tebigatyň bir ajaýyp künjeginde saklandy. Gerekli zatlary ulagdan alyp, dynç alyp oturar ýaly, ýer taýýarladylar. Didarjyk bilen Enarjyk bolsa edil geçiň owlaklary ýaly bökjekläp, bir ýerde durmaýardylar. Dagyň ajaýyp howasy, baýyrlyklaryň ýaşyl öwsüp oturan keşbi olaryň has hem ruhuny göterdi.

     Selim çagalara:

     – Hany, çagalar, geliň, ejeňiz hem eneňiz üçin bir çemen gül ýygalyň. Ýöne tebigaty harlamalyň! – diýdi.

     – Bolýa, kaka.

     Gözelliklerini gijeňläp oturan owadan güller olary öz ýanyna çagyrýardylar. Güller şeýle bir owadandy welin, asyl olary ýygmana dözer ýaly däldi. Olar ilki daş-töweregindäki güllere güýmenen bolsalar, soňabaka uzakdaky gülleri synladylar. Belentli-pesli baýyrlyklardan aşyp baryşlaryna, Didarjyk seslendi:

     – Kaka, seretsene, ho-ol ýokarda owadan gül bar eken, alaýaly-da! – diýip, ol dagyň gerşindäki owadanja güli görkezdi. Ol oglunyň raýyny ýykyp biljek däldi, sebäbi çagalaryna goşulyp, özüniň çaga wagtlaryna dolanan Selim:

     – Alarys, oglum, näme alman, hany şulary sakla – diýip, elindäki güljagazlary uzatdy-da, özem ýokary dyrmaşyp ugrady, güle ýetdim, ýetdim edip, güli ýolmaga hyýallanyp durka, birden soňky ýapyşan daşy opurylyp gaýtdy. Selim togalanyp honda düşdi. Ol çagalaryň “kaka” diýip aglaşýan seslerini çalaja eşitdi, gözleri garaňkylap, özünden gitdi.

     Ol gözüni açanda hassahanadalygyny çalaja aňşardy. Biraz töweregini gözüniň gytagy bilen synlady. Ýanynda kakasynyň oturanyny gördi:

     – Kaka, men bäri nädip düşdüm? – diýip, ýerinden gozganjak boldy, ýöne bil oňurgasyna zeper ýetensoň, hereketlenip bilmedi. Özünde güýçli agyry duýdy.

     – Ýatyber oglum, gozganma!

     – Maňa näme boldy?

     – Dagdan ýykylanyňda bil oňurgaň bilen aýagyň döwülipdir, şonuň üçin entek hereket etmegiň kyn bolar. Agşamdan bäri özüňe geleriňe garaşdyk.

     – Şeýlemi...

     Kakasy ýene bir zatlar diýmekçi boldu-da, hassa ýatan oglunyň göwnüne degmekden ätiýaç edip gürlemedi. Ara düşen dymyşlygy Selim bozdy:

     – Çagalar gowumy kaka, olar meň ýykylanymy görüp gorkan däldir-ä?

     – Çagalaryňy alada etme, gowy ýagdaýlary.

     – Aslynda men beýle bolar öýtmedim... – diýip, bolan zatlary düşündirjek boldy, ýöne kakasy onuň sözüni soňlatmady.

     – Bilýän, oglum, çagalar bar bolan zatlary aýdyp berdiler, emgek bolup geçsin!

     Hemişeki salymyny bermän geçip duran günler, Selimiň göwnüne bolmasa, indi geçmeýän, wagt şol bir duran ýerinde doňup galan ýalydy. Durmuş öňküsinden has içgysgynç hem tukatdy. Hassahanada geçen günlerinde oňa oýlanara, ölçäre wagt näçe diýseňem bardy. Şu ýaşyna çenli dümewlän bolaýmasa, asyl-ha hassa bolup görmändi. Jany sagat wagty her gün işine tarap höwes bilen gidýän ýigidiň göwni şol öňki günlerini küýsedi. Maşgalasy bilen bir saçagyň başyna üýşüp edýän gyzykly gürrüňlerini ýatlady. Ol geçen günleri hakydasynda näçe köp aýladygy saýyn, onuň kalbyndaky gorky gün-günden güýçlenip, “Indi bir ömür maýyp bolup galaýarmykam” diýdirýärdi. Gorkudanmy, ýa agyrylaryň yzasyny azaltmak üçinmi, garaz, kän bir hereket ediberesi gelmeýärdi. Şonuň üçin oň ýagdaýy gowulansa-da, hereket endikleri bolmalysy ýaly däldi. Juma aga oglunyň ýagdaýyna gynanyp, ahyry lukman bilen maslahatlaşmaly diýen kakara geldi. Lukman ony güler ýüz bilen garşy aldy:

     – Essalawmaleýkim, Juma aga, gowumy ýagdaýlaryňyz?

     – Waleýkumessalam, Hudaýa şükür, gowy, özüň saglykmy?

     – Gowy, sag boluň! Geliň, geçiň oturyň – diýip, garşysyndan ýer görkezdi. Juma aga oglunyň ýagdaýy barada gyzyklandy. Bir aý bäri hassahanada ýatanam bolsa, onda hiç hili hereketiň ýoklugyny ýaňzytdy. Lukman özünde bar kömegi edenligini, indi bolsa galan bejergilerini öýde dowam etse-de bolýanlygyny aýdy. Ol lukmana minnetdarlyk bildirip, öz ýanyndan pikirlendi. Soňky döwür oglunyň hemişekisinden tukatdygyny, ýerinden gozganmak islemeýänligini, uzakly gün penjireden uzaklara sessiz seredip, nämedir bir zatlar hakda hyýal edýänligini ýatlady. Öz ýanyndan “Lukman galan bejergilerini öýde dowam etse-de bolýanlygyny aýtdy, belki öýe barsa, çagalaryny görse, durmuşa bolan höwesi has hem artyp, çaltrak aýaga galar” diýip, gelen netijesini makul bilip, bu habary ogluna buşlamaga howlukdy. Elbetde, “Öýe gitmeli” diýen sözler Selimi begendirdi. Ol öýe gelen güni tutuş maşgala bolup begendiler. Juma aga “Saglyk sadaka” diýip, oglunyň hassahanadan çykyp gelen gününiň ertesi goňşy-golamy, dogan-garyndaşlaryny çagyryp, märeke berdi. Gelim-gidim biraz seýrekleşiberende, Juma aganyň ýegre dosty Kerim aga agtyjagynyň elinden tutup geldi. Ýaşulular gadyrly salamlaşdylar. Olar öýe girip, giňden ýazylan saçagyň başyna geçdiler. Çaý başynyň gürrüňi hasam gyzdy. Kerim aga:

     – Hany, ogluň nirede? – diýip, sorady.

     – Öz otagynda ýatandyr, entek ýöräp bilmeýär, lukmanlar galan bejergini öýde alsa-da bolýar diýensoňlar, alyp gaýdyberdim – diýdi.

     – Dogry edipsiň, ine, çagalaryny görüp otursa, çalt aýaga galar – diýdi.

     – Şeýle bolaýady-da...

     – Hany, goç ogluň hal-ýagdaýyny soraly – diýip, agtygyny ýanyna çagyrdy. Agtyjagy atasynyň elinden tutup, Selimiň ýatan otagyna girdi.

     Juma aga:

     – Seret, oglum, seni soramaga kimler gelipdir.

     Selim ýatan ýerinden:

     – Essalawmaleýkim, Kerim aga diýdi.

     Ses gelýän tarapa ýönelen goja Selime ellerini uzadyp:

     – Waleýkimessalam, goç ogul, gowumy ýagdaýlaryň? – diýip, gadyrly salamlaşdy. Selim öz ýanyndan sekuntlarça “Bä-ä, Kerim aga gözi görmese-de, meň ýatan ýerimi nädip bildi-kä” diýip, pikirlenip ýetişdi.

     – Aý, gowula... – diýip, gysga jogap berdi. Bu jogapdan kanagatlanmadyk ýaşuly:

     – Häk, oglum, gowula diýmäň näme, men dagy seň ýaşynda bolamda, demimden ot syçradyp, ine, men diýerdim – diýip, özüniň nägileligini bildirdi.

     – Kerim aga, gapa seredip ýatanyma biraz darykýan, hemişeki ýaly ýerimden galaga-da, işe gidip bilmeýänime janym ýanýar – diýip, ýagdaýyny düşündirjek boldy.

     Kerim aga:

     – Eý, ogul, diýýän zadyň näme, heý-de, sen ýaly ýaş ýigidem bir darygarmy, sähel bir ýerim agyrypdyr diýip, ýeriňden galman ýatyp bolmaz-a. Selim ýaşulynyň bu sözlerine çaga ýaly müýnürgedi, diýenini tassyklatjak boldumy ýa göwni çökgünligindenmi:

     – Menem şeýdip galman süýnüp ýatmaklygy özüme uslyp bilmeýärin. Göwnüme bolmasa, bir ömür düşege baglanyp galaýjak ýaly bolup durun – diýdi. Ýöne Kerim aga bilen gürleşdigi saýyn, Selimiň oňa bolan hormaty artýardy. Gözi görmeýänem bolsa, ol durmuşyndan razydy, hemem şadyýandy. Ömür tümlükde ýaşap, gözi hiç zat görmeýän bu kişiniň neneň ruhubelent bolup bilýänine öz ýanyndan geňirgenýärdi.

     Kerim aga:

     – Haý, ogul, ogul, entek ýaş bolýaňda, göwniçökgünlige ýol bermezler bu wagt, hereket ederler, pikirlenip gör, dünýäde dogulanynda maýyp bolup dogulýan näçe sany adamlar bar. Menem agtyklarym bilen bileje bir saçagyň başynda oturyp, olaryň didaryndan ganasym gelýän däldir öýdýäňmi? Meniň hem her gün dogýan şapagy synlasym, şildiräp akýan çeşmäniň suwuna seredesim, ýene-de köp zatlary öz gözüm bilen göresim gelýär. Ýöne men “görmek” atly elýetmez bagtdan mahrumlygym üçin ejizlemeýärin, tutuş dünýämi diňe garaňkylyk gaplanam bolsa, “ýaşamak” atly ajaýyp duýgudan lezzet alyp, her bir günüm üçin şükür edip ýaşaýan.

     Bu gürrüňleriň şaýady bolup oturan Juma aga:

     – Dogry aýdýaň, sakgaldaş – diýip, dostunyň pikirini makullady.

     Kerim aga bolsa sözüni dowam etdi:

     – Hudaýa şükür, altmyşy tegeläp barýaryn. Durmuşymda kem zadym ýok, ogul ýerinde oglum, gyz ýerinde gyzym bar. Gapymda oýnap ýören agtyjaklarym meniň göreçlerimiň nury bolup, nirä gitsem, ýanymda. Ine, bu günem Nury janymy alyp gaýtdym – diýip, hamala göräýjek ýaly töwregini diňşirgendi. Agtyjagy bolsa, äpişgeden töweregi synlap durdy.

     Selim Kerim aga hiç zat diýmedi, öz ýanyndan welin, şu wagta çenli ömründen nadyl bolanyna utandy.

     Kerim aga:

     – Umydyňy hiç wagt söndürme, ýigit durmuşda hemişe göreşip ýaşamalydyr diýip, aýgytly aýtdy. Ara dymyşlyk aralaşdy. Selim Kerim aganyň aýdanlary barada çynlakaý oýa batdy.

     Gürrüňe gyzyp, esli oturan Kerim aga:

     – Sakgaldaş diýýän-ä, biz esli oturdyk, indi gaýtmasak bolmaz, öýde agtyklarym bize garaşýandyr, körpeje agtygym üçin ertir diş toý edýäs, sizem geliň - diýdi.

     – Sylap geleniň üçin sagbol, sakgaldaş, nesip bolsa, hökman bararys – diýip, ýylgyrdy.

     – Oglum, senem sag-aman gutul, aýaga galanyňda biz taraplara-da aýlan, entek saňa aýtjak zatlarym köp, beýdip, çaga ýaly kejiňe gidip ýatma – diýip degişdi.

     – Hökman bararyn, Kerim aga.

     – Hany, meniň gözümiň röwşeni Nury janym, ýör, balam, gideli, ertir jigiň üçin patrak seçmesek bolmaz – diýip, agtygyny çagyrdy.

     – Gideli, ata - diýip, atasynyň ýanyna bökjekläp gelen agtyjagy:

     – Ata, ýolda buzgaýmagam alyp beräý! – diýdi.

     – Wah, iýjegiň buzgaýmak bolsun, jigileriňe-de süýji köke-de alarys, baranymyzda elimiz boş bolmasyn-a – diýip, olar özara gürrüň edip, gaýtdylar. Olaryň yzyndan seredip, ýylgyryp galan Selimdir kakasy durmuşyň manysy hakda çuňňur oýa batdylar. Ol bir ýyl mundan ozal gören şol içgysgynç garaňkylyk düýşüni ýatlady.

     Selim şol günden soň, lukmanlaryň ähli beren däri-dermanlaryny içýärdi. Olaryň aýdan bedenterbiýe maşklaryny irginsiz gaýtalaýardy. Ilki bilen, bedeni gyzdyryjy maşklaryny edip, soň bolsa gün-günden olaryň görnüşlerini üýtgetdi, hem-de fiziki ýüklenmelerini artdyryp ugrady. Irginsiz sport maşklarydyr hereketlerini dogry gaýtalaýan Selim duşundan geçip duran günleriň hasabyny ýöretmäge-de ýetişmeýärdi. Salymyny bermän geçip duran wagt bolsa, günleri ugradyp, aýy getirdi. Bilini dik tutup, öňe tarap ynamly ädim ädýän Selim durmuşy başgaça göz bilen synlaýardy. Ol ýuwaşlyk bilen öz durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrdy. Säheriň salkyn howasyndan dem alyp, ylgaýan ýigidiň ruhy belentdi. Sesiniň ýetdiginden, öz öňünde goýan maksadyna ýetenini bütin dünýä jar edip, gygyraýasy gelýärdi. Selim özüniň ýene öňki ýagdaýyna dolanmagyna sebäp bolan Kerim aga diýseň minnetdardy. Günler günlere sepleşip, öz akymy bilen geçip durdy. Selim durmuşyň nä derejede gözelligine indi aňryýany bilen düşünýärdi.

     Bu gün bolsa işden irräk dolanan Selim kakasynyň ýanyna howlukdy:

     – Kaka, Kerim agalara baryp gaýdaýaly-da!

     – Bolýa, oglum, Kerim agaňy göresiň geldimi.

     – Hawa, sagbolsun aýtjak, hemem şu ykjam telefony sowgat berjek, içinde maňa aýdyp beren zatlaryna meňzeş bir giden aýdymlaram geçirdim, diňläp hezil etsin. Durmuş gözel, onuň gözelliklerini duýup ýaşaýan adamyň ömrem gözel. Kerim aga-da şol adamlaryň biri.

     – Dogry aýdýaň, oglum.

     – Ýör, kaka, gideli – diýip, olar ulaga tarap ýörediler...

 

Gunça ORAZOWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI