Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý, şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, kişini ynjytmazlyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, namartlyk, galplygy, ikiýüzlüligi ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, baýlyk, garyplyk, päk söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup, suratlandyrýar.
Belli bolşy ýaly, 2024-nji ýylda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini uludan tutmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet-portalyny döretmek maksat edinilýär. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň üçin çäksiz bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Soltanmyrat ALLABERENOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.