HALKARA ÝAŞLAR DIALOGY PUGTALANDYRYLÝAR

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, gazanylýan beýik ösüşlerdir ýetilýän mertebeli menziller eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna zer harplar bilen möhürlenýär. Olar agzybir watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşynda hakydalardan baky orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi ýeneki beýik üstünliklere ruhlandyrýar, nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy has-da berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzüminden — ÝUNESKO-dan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy.

     Ata Watanymyzyň beýik geljegini ylym-bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnikalaryndan we tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlarda görýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesilleriň okamagy, hünär öwrenmegi, sport bilen meşgullanyp, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döwrebap şertdir mümkinçilikleriň döredilmeginiň pugta binýadyny goýdy. Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde häzirki wagtda hem ýaşlaryň röwşen geljegini, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda ählitaraplaýyn taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň bu ugurdaky beýik başlangyçlaryny belent mertebeli döwlet Baştutanymyz — Arkadagly Serdarymyz mynasyp dowam etdirýär we ajaýyp taryhy üstünliklere besleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi taýdan kabul edilmegi hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň guwandyryjy we buýsandyryjy netijelere beslenýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýakymly we ýalkymly wakalarynyň biri bolup, diňe bir hakydamyza däl, ýüregimize-de ebedilik ýazyldy.

     ÝUNESKO-nyň sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anželo Melo ýurdumyza ýollan hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYC) resmi agzasydygyny uly şatlyk bilen beýan edipdir. Şu ýerde dünýä ýaşlaryny birleşdirýän bu abraýly düzüm barada käbir maglumatlary belläp geçmek gerek.

     BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan, dünýä derejesindäki özboluşly düzümdir. Ol, esasan-da, ÝUNESKO-nyň Ýaşlar başlangyçlaryny we başga-da şeýle taslamalaryň arasynda özara gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işleri alyp barýar. Dünýäniň ýaş raýatlaryny, adamzat nesliniň nowjuwan wekillerini özünde birleşdirýän bu jemgyýet ýaşlary degişli guramalarynyň işine giňden çekmäge, ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär. Şeýle-de ol ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar hem-de ýaşlar guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär.

     ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar üçin global platforma bolup, ol dünýädäki ýaşlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, nesilleriň arasyndaky bilimleri paýlaşmak, şeýle-de geljekki ýaş dünýäni gurujylar üçin hereketleri artdyrmak maksady bilen döredilendir. Bu başlangyç 2019-njy ýylyň 18-19-njy noýabrynda guramanyň baş edara binasynda, Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň 11-nji Ýaşlar forumynyň çäklerinde, dünýäniň ähli sebitlerinden öňdebaryjy ýaşlaryň jemlenip, mundan beýläk-de ÝUNESKO bilen ýaşlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen özara pikir alyşmalary esasynda öňe sürüldi. Halkara guramanyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň döredilmeginiň esasy iki maksady ÝUNESKO-nyň taslamalarydyr maksatnamalaryny işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde ýaşlaryň işjeň, netijeli gatnaşmagyny höweslendirmekden hem-de artdyrmakdan, şeýle-de ýaşlaryň başarnyklary bilen baglanyşykly taslamalardyr maksatnamalary öz içine alýan giňişlikde bilelikde öwrenmekden we işlemekden ybaratdyr. Ol garaşsyz ýaşlar jemgyýeti hökmünde döredildi. Oňa 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar we ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky guramalar goşulyp, olar ÝUNESKO-nyň mandaty bilen baglanyşykly başlangyçlary durmuşa geçirmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kabul edilmeginde-de özboluşly many-mazmun bar. Çünki bu ajaýyp waka ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ýakynda bellenilen 30 ýyllyk şanly senesi bilen hem sazlaşykly utgaşdy. Şonuň bilen birlikde, munuň özi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Türkmenistandan ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna 6 sany umumybilim berýän orta mekdebiň goşulmagy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde ÝUNESKO klublarynyň we ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy bolsa bu gurama bilen ýaşlar syýasaty babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde-de täze gözýetimleri açýar we giň mümkinçilikleri döredýär.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize iberen gutlag hatynda belleýşi ýaly, ýaşlarymyzyň dünýädäki ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak häzirki döwrüň barha globallaşýan, adam aňynyň hem-de intellektual mümkinçilikleriniň yzygiderli kämilleşýän, ylmyň we tehnologiýanyň örän ýokary depginlerde ösýän şertlerinde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunda türkmen ýaşlarynyň milli we halkara derejeli dürli duşuşyklardyr maslahatlara, sammitlerdir forumlara, sport we akyl-paýhas bäsleşiklerine, festiwallardyr beýleki medeni çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler örän uly ähmiýete eýedir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-njy iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy-da bu babatda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Strategiýa  türkmen ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi-de bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy. Ol Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gurultaýynda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilýändiginiň hem aýdyň bir mysalydyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi-de ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri we ýeňillikleri döretdi. Şeýle giň mümkinçiliklerden ruhlanýan kämil türkmen ýaşlary bildirilýän belent ynamy ödemek üçin tutanýerli we yhlasly zähmet çekip, ylym-bilim, sport, medeniýet we sungat ugurlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen Watanymyzyň halkara abraýyna, şan-şöhratyna mynasyp goşant goşýarlar. Özlerine bildirilýän belent we synmaz ynam, döredilýän giň mümkinçilikler üçin, bagtyýar ýaşlarymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de ýaş nesilleri Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar hasaplaýan Arkadagly Serdarymyza ýürek töründen çykýan alkyşlary egsilmezdir.

     Döwletimizi baky berkarar edip, ýaş nesiller üçin röwşen geljegiň ak ýollaryny açan Milli Liderimize hem-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň işini has-da kämilleşdirmek we dünýä derejesinde ösdürmek babatda şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda hemişe rowaçlyk arzuw edýäris.

 

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Meňzeş habarlar