TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORMATLY SERDAR BERDIMUHAMEDOWA

     Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

     Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.

     Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da artdyrmak, halkymyzyň parahat durmuşyny we röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

     Hormatly Prezidentimiz!

     Siz: «Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarynyň ählisiniň jemgyýetimizde durnuklylygy, bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, agzybir türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýärsiňiz. Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr.

Berkarar döwletimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýokary ösüşleri, guwandyryjy netijeleri gazanmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we onuň ähli agzalarynyň mynasyp goşandy bardyr.

     Ýurdumyzyň Ýaşlar guramasy berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, syýasy taýdan durnukly, Watana wepaly nesilleri kemala getirmek boýunça ýaşlary jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirmekde öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi, hormatly Prezidentimiz, Siziň täze taryhy eýýamda döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara bildirýän uly ynamyňyzyň netijesi bolup durýar. Ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, ýaşlar üçin täze mümkinçilikleriň hem-de ýeňillikleriň döredilmegi, ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalaryna ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy Siziň baştutanlygyňyzda ýaşlar syýasatynyň döwlet we halkara derejede dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

     Belent mertebeli Prezidentimiz!

     Ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmen ýaşlarynyň dünýädäki ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak möhüm wezipe bolup durýar.

     Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde ýurdumyzyň ýaşlaryna dost-doganlygyň we ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň hatyrasyna daşary döwletlerde hem-de güneşli ýurdumyzyň çäginde geçirilýän dürli ugurlardaky duşuşyklara, maslahatlara, sammitlere we forumlara işjeň gatnaşmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär.

     Türkmen ýaşlarynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna, Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň maslahatyna we beýleki birnäçe möhüm ähmiýetli halkara çärelere işjeň gatnaşmaklary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we dünýä döwletleriniň Ýaşlar birleşikleriniň arasynda ikitaraplaýyn Özara düşünişmek baradaky Ähtnamalaryň kabul edilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, türkmen ýaşlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda örän möhüm wakalar bolup durýar.

     Siziň gol çeken Kararyňyza laýyklykda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň tassyklanylmagy aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Strategiýa ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösmegine, halkara derejede dostlugyň, özara düşünişmegiň hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

     Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna 6 sany umumybilim berýän orta mekdebiň goşulmagy, ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde ÝUNESKO klublarynyň we ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykýandygyny görkezýär.

     Hormatly Prezidentimiz!

     Sizi ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.

     Siziň janyňyzyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyzyň hemişe rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gahryman Arkadag

Gurbanguly Berdimuhamedow.

 

TDH