Halk arasynda: “Bagşyly halk – bagtly halk” diýilýär. Bagşyçylyk özboluşly ykrar edilen hünärdir. Ähli döwürde-de bagşy hoş habaryň buşlukçysy, şatlygyň we parahat durmuşyň jarçysy hökmünde görlüpdir. Şonuň üçin hem “Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz dutara dil bitiren bagşylara hemme döwürlerde-de asylly däp-dessur nusgalaryny ýaradyjy, il-uluslary jebisleşdiriji, ene topraga wepalylyk, zähmete höwes, birek-birege raýdaşlyk ýaly kämillige ündeýji hökmünde garalýar. Meşhur bagşylaryň ynsanyň köňlüni päkleýän, ýüregine ynjalyk berýän, göwnüne teselli bolýan, ömrüne ömür goşýan naýbaşy aýdymdyr sazlary türkmeniň bereketli topragynda bitýän solmaz güllere deňelýär. Türkmen saz sungatynyň halypalary hakynda söhbet edilende Kel bagşy, Şükür bagşy, Hally bagşy, Çowdur bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Sahy Jepbarow, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, zenan bagşylardan Akjagül Myradowa, Sülgün Meretgeldiýewa, Nabat Nurmuhammedowa ýaly türkmen mukamlarynyň ençemesini döreden, ösdüren ägirt halypalaryň bitiren hyzmatlary, yhlasy, döredijilikli hyzmatdaşlygy, halypa-şägirtlik ýoly şu günki günde ýokary derejelere ýetirildi. Türkmen saz mirasy halk ýerine ýetirijilik däpleriniň görnüşleriniň köpdürliligini öz içine alýar.
Türkmen bagşylary özleriniň ýerine ýetirýän aýdymlaryna laýyklykda, tirmeçilere, ýanamaçylara we dessançylara bölünýärler. Tirmeçi bagşylar esasan, nusgawy şahyrlaryň goşgularyna düzülen aýdymlary aýdýarlar. Ýanamaçy bagşylar, köplenç, tüýdükçiniň ýa-da dutarçydyr gyjakçynyň sazandarlyk etmeginde aýdym aýdýarlar. Dessançy bagşylaryň döredijiligi tutuşlygyna dessanlardan we şadessanlardan ybaratdyr.
Türkmen bagşylarynyň ýerine ýetiriş ugry alty sany ýerine ýetirijilik mekdebine bölünýär. Halk bagşy-sazandalary olaryň däp bolan aýdyş usullaryny saklap galypdyrlar. Olar ahal ýolunyň damana ýoly, salyr-salyk ýoly, ärsary ýoly, ýomut-gökleň ýoly we çowdur ýoludyr. Türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijilik usullarynyň aglabasynyň ugry tirme usulydyr. Türkmen sungatynyň ösüşinde öz aýdym we saz eserlerini halkyň ruhunda döreden bagşy-sazandalaryň tutýan orny örän uludyr. Halk arasynda bagşylar we sazandalar “mukamçy” diýen ada eýe boldular. Türkmen sazynyň her bir ýoluny diňe özüne mahsus bolan aýdym-saz gorlary, özboluşly ýerine ýetirijilik aýratynlyklary we usullary tapawutlandyrýar.
Daşoguz sebitleri dessançylygyň merkezi bolup durýar, oňa ýomut, gökleň we çowdur ýaly birnäçe ýerine ýetirijilik ugurlary degişlidir. Dessançylyk sungaty welaýatyň Görogly, Akdepe, Köneürgenç, Boldumsaz we Akdepe etraplarynda has giňişleýin ýaýrandyr. Bagşy-sazandalar Garadäli gökleň, Sapar süýrentgi, Pälwan bagşy, Söýeg bagşy, Öre şyh, Nazar baga, Hemra gyjakçy, Babajan işan, Pirjan gyjakçy, Magtymguly Garlyýew, Sapar Bekiýew we beýlekiler bu ugruň meşhur wekilleridir.
Welaýatyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherçesi babatynda aýdylanda bolsa, bu sebitden Türkmenistanyň halk bagşylary Ilaman Annaýew, Akjagül Myradowa, Tüýli Otuzow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Jumamyrat Hamyýew, dessançy bagşylar meşhur Nazar baga, Bazar Gurbandurdyýew, Masak Gazakow dagylar ýaşap geçen. Olaryň sungat ýoly häzirki döwürde-de Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Durdybaý Gurbanow, Hudaýberen Baýramow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýbibi Atahanowa, Parahat Gurbandurdyýew ýaly bagşy-sazandalarymyz bilen dowam etdirilýär.
Dessançylyk – bu düýp manysy boýunça ýekelikde ýerine ýetirilýän sahna eseridir. “Adamzat ýaradylany bäri dörän bu senede Baba Gambaryň, Aşyk Aýdyň piriň, ýene-de ençeme ärleriň yhlas-paýhasy siňipdir. Men diýen halypalaryň, ussadyna wepaly şägirtleriň zehini bilen kämilleşip, bize ýetipdir. Şonuň üçin hem her gezek “Gara gazma” ele alnanda, kalplar päklenip, niýetler ýagşa tutulýar. Ata-babalarymyz bu senedi pirli senet, halal kesp-kär hasaplapdyrlar. “Halala hyzmat etmek parzdyr”. Dutar türkmen üçin ýöne bir saz guraly däl, ol asyrlaryň jümmüşinden türkmen halkyny birleşdirýän, dost-doganlygy ündeýän we parahatçylygyň ykrar edilen ylham çeşmesi bolup, öňe çykýar. Türkmen dutarynyň halkara ykrarnama eýe bolmagynda, çuňňur pähim-paýhas we many-mazmun bar. Türkmen dutary hem senet, hem sungat. Şu ikisiniň utgaşygyndan dörän gudrata tutuş adamzat mirasynyň gaznasynyň töründen mynasyp orun berilmegi – bu Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeni diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp ýeňşi. Ata-baba mirasymyza çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyzyň türkmen dutaryna gymmatly serpaý ýapdy. Şol şa serpaýy Babagambardyr Aşyk Aýdyň pirden gözbaş alýan, owazy bilen diňe ynsana däl, hatda adamyň özüne syrdaş saýýan Düldül atyna hem dünýäni unutdyrýan bu jadyly senede dikilen beýik mertebe hem bakylyk heýkelidir.
Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.