Edep her bir halkyň milli ruhuna mahsus bolup, asyrlaryň jümmüşinde dürli ýagdaýlarda döräp, timarlanyp, halkyň paýhas eleginde saýhallanyp, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlykdyr. Şeýle hem halkyň terbiýeçilik mekdebi bilen berk baglanyşyklydyr. Edep her bir halkyň milli terbiýeçilik mekdebiniň bir ýere jemlenmesidir, terbiýeçilik işiniň binýadydyr. Çaga — ynsanyň geljegine umyt döredýän, her bir öýe nur paýlaýan dowamaty, arzuw-umytlarynyň gözbaşy, durmuşyň bezegi. Ol milletiň we döwletiň buýsanjy, daýanjy hem-de geljegidir. Çaga ilki maşgalada, soň çagalar bagynda, mekdepde terbiýelenip, edep, durmuş medeniýetini öwrenýär.
Edep — terbiýäniň miwesidir. Edep-ekram ynsanda gowy gylyk-häsiýetleri, belent adamkärçiligi, jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky medeniýetliligi hem-de beýleki ahlaklylyk sypatlaryny özünde jemleýär. Sypaýy, hoşgylaw, ýagşyny-ýamany saýgarýan, ulynyň-kiçiniň sarpasyny saklamagy başarýan ynsanlar edep-ekramly adamlardyr. Edep, bilim öwretmek asyrlaryň dowamynda şahyrlaryň şygyrlarynda, eserlerinde, halk döredijiliginiň žanrlarynda öz beýanyny tapýar. Ahlak terbiýesi, edep-ekram baradaky pähim-paýhaslar «Kowusnama» eserinde hem beýan edilýär. Bu eser Oguzhan atamyzyň, Gorkut atanyň nesillerden-nesillere miras bolup gelýän ahlak düzgünleri, halkymyzyň milli ruhuna meňzeş däp-dessurlary, edim-gylymlary, kämil edep kadalary biziň şu günki günümizde giňden ulanylýar. Ösüşlere, özgerişlere beslenýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen bagtyýar çagalara, ýaşlarymyza edep öwretmek, terbiýe bermek barada edilýän aladalar, gazanylýan üstünlikler milli medeniýetimizi has-da belentliklere çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyny aýdyň beýan edýär.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.