UNUDYLAN SÖÝGI (Şahyrana oýlanma)

     Ynsan kalbynyň iň näzik, iň gözel duýgularynyň biri bolan söýgi, meni özüne bendi etdi. “Söýgi ýaş saýlamaýar” diýýärler, megerem, bu dogry bolsa gerek, ýogsam, indi çagalykdan saýlanan wagtym ýürek syrlaryma diň salmazdym ahyryn. Atygsap duran ýüregiň owazyna düşünip bilmänem az kösenmedim. Şo mahal meni bendi eden göreçler bu düşnüksizligi çözdi, oturuberdi. Ýigidiň kalbynyň owazy meniň mukamyma goşulyp, üýtgeşik bir aýdym döretdi. Ogryn bakyşlar, gyz kalbymyň utanjaňlygyna goşulyp, “Söýýän” diýip seslendi. Men özümi bu ýagty jahandaky iň bagtly ynsan saýýardym. Gözüme aşyk ýigitden özgesi ilmezdi. Onuň bilen bile küreklejek ömür ýolum hakda süýji arzuwlar ederdim. Begenjimden ýaňa, ökjäm ýere degmän, asmanda uçardym. Öý işleri bilen gümra bolan wagtym, ýuwaşja hiňlenenimi özümem duýman galýardym kämahal...

 

Agşam aýa seretsem,

Ertir güneş öýkelär.

Çeşme-çaýa seretsem,

Däli derýa öýkelär.

Derýa kimin akmasam,

Näzim bilen ýakmasam.

Seň ýoluňa bakmasam,

Ýollar menden öýkelär.

Örümlerim çözlesem,

Ogryn garap, gözlesem.

Ýardan syrym gizlesem,

Söýgüli ýar öýkelär.

 

     Arzuwlar asmanymda bagt guşum ganat kakýardy. Gyzgalaňly talyp durmuşynyň söýgüsini diýsene, bir ýandan okuw, bir ýandanam meni asmanlara alyp çykan mukaddes söýgüm bilen ýaşaýardym.

     Ajaýyp günleriň birinde arzyly kalbymyň soltany bolan Nazar bilen teatra gitdik. Teatrda goýlan oýun gaty gyzyklydy, esasanam onda baş keşpde oýnan gyz ikimiziňem ünsümizi çekipdi. Sebäbi ol şeýle bir owadandy welin, baharda ýaňy açylyp gelýän gunçany ýadyňa salýardy. Nazar özüni tomaşaçy däl, gahryman saýyp, dünýäni unudypdy. Gudraty güýçliň ony birkemsiz, mizemez gözel edip ýaradanyna haýran galdym, syr bildirmesemde, ozümiň beýle owadan däldigime içimden kemsindim. Batly sesim bilen gygyryp aglaberesim geldi. Şol günden soň, bar zat üýtgedi. “Bu dünýede barym-bagtym, bar baýlygym diňe sensiň Dünýäm” diýen Nazaryň kalbyna başga bir gözel aralaşdy. Her gün meni görmese, iň bolman ýeke gezek jaň edip, sesimi eşitmese, karary bolmaýan ýigit indi menden ýuwaş-ýuwaş arany açypdy. Söýgi sözleri bilen sünnälenip, ak kagyza nagyşlanyp gelýän söýgi hatlarynyň gelmesi galdy. Indi onuň bar pikir-hyýaly şol owadan gyzdady. Men bu zatlara oturyp-turup, näçe oýlansamam, hiç akyl ýetirip bilemokdym. “Maňa diňe sen gerek, özge hiç kimde nazarym eglenmez” diýýän Nazar bu gün meni bütinleý unudypdy. Onuň kalbynyň owazy indi özge gözel üçin ýaňlanýardy. “Nädip  ýyllarboýy birini söýen ýürek duýdansyz özgäni söýüp bilýärkä, eýsem ynsana söýgi ýeke gezek berlenokmy?”...Şuňa meňzeş tükeniksiz soraglara öz-özümden jogap tapyp bilmän, kän ejir çekdim. Düýnjegem bagtly güne maýyl bolanam bolsam, bu gün dünýä astyn-üstin bolan ýalydy, meniň üçin ähli zadyň manysy ýitipdi. Bar ünsümi okuwa berip, gündizler okadym, gijelerine bolsa, şahyrlaryň gussaly söýgi setirlerini okap, azajygam bolsa köşeşýärdim.

 

Tozap ýatyr, şol köneje ýodalar,

Gelmejegňi duýsa, kalbym ot alar,

Emma seni getirmejek ýodadan,

Ýöränimde näme, duramda näme.

 

Bir gidensoň, dolanmajak zatlar bar,

Öçenden soň, tutaşmajak otlar bar,

Ikimizi baky aýra salmaga

Sebäp boljak ýakynlar bar, ýatlar bar.

 

     Şeýle agyr pursatda söýgi setirleriniň kömege gelýänem gowy zat. Ýogsam söýüp, arman bolan söýgümi nädip unudardym, wagt ähli zada derman diýilýäni, megerem, dogry bolsa gerek. Nazaryň meni terk edip gidenine-de, esli wagt bolupdy, belki şonuň üçindir, indi meniň kalbymda Nazara orun ýokdy. Ýürege emir edip bolýarmy näme diýýänsiňiz! Men ýürege emir etmedim, sowuklyk bilen höküm çykaran kalbymyň özi. Durmuşym adatdaky akymy boýunça talyp döwrüm bilen dowam edip duran günleriň birinde, Nazardan hat geldi. Dogrusy, men ondan umydymy üzensoňmy, ýa ol dolanar diýip pikir etmänsoňmy, ýaýdandym, “Okamalymy ýa-da ýok” diýip, köp oýlandym, ahyram, “Okamaýyn-la, hatda näme ýazylanam bolsa, mundan soň özümi örtemegiň näme manysy bar”- diýip, haty bölek-bölek etdim. Dar dünýä diýleni, bir gün okuwdan çykyp barýarkam, oňa pete-pet gabat geldim. Oňa gözüm düşenden, ädimlerimi has batlandyryp, geçip gidibermekçi bolamda, Nazar ýolumy kesip, deminiň ýetdiginden, howlukmaç gürläp ugrady.

     -Bagyşla, Dünýäm, men seň öňüňde günäkär, Jereni owadan hasaplasamam, aslynda seni çynym bilen söýen ekenim, sen meniň kalbymyň soltany ekeniň, men muňa azajyk gijräk düşündim.

     Bu sözler üstüme dag agdarylan ýaly etdi, gaharym geldi.

     -Geçen güni dolardan ejiz men, saňa bolan söýgüm birmahallar söndi, her bir gören owadan gyzyň yzyna düşüp gitjek bolsaň....diýip, oňa nebsim agyrdymy ýa bogazym dolany üçinmi, artyk bir sözem diýmän, ýolumy dowam etdim.

     Öňkülerim ýaly, “Iki agyz hoş söz diýsem, öýkesi ýazylar” diýip,  dogumlanyp gürläp  duran Nazar, doňup  galdy. Men bolsa, öz ýolum bilen onuň deňinden geçip gaýdyberdim.

 

Bir gidensoň, dolanmajak zatlar bar,

Öçenden soň, tutaşmajak otlar bar...

 

     Şahyr müň kerem mamla, Nazar bu günki gün öçen ody täzeden alawlatmana gelipdir, emma indi näçe yhlas etse-de, onuň gaýdyp ýanmajagyndan welin habarsyz, mundan soň öçen ody ölçermegiň näme manysy bar, indi biziň durmuş ýollarymyz aýry...

 

Gunça ORAZOWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI