ÝEDI ENÄNIŇ ÝELPÄNI...

     Gyz perzent kisi maşgalasy. Maşgalada enäniň öwüt-nesihatlary gyzyň geljekki durmuşyna ýörelge bolupdyr. Mährem enäniň guwanjy, göwnüniň hoşy bolan, onuň ýüreginiň ýylysyna çoýulyp kemala gelen gyz hem geljekde enesi ýaly mähriban ýetişipdir. Her bir ene öz gyzynyň baran ojagyna goşulyp-garylyp gitmegi üçin maşgalada berjaý edilýän däp-dessurlary öwretmelidir. Çünki, türkmen halkynda gadymdan gelýän «Ýedi enäniň ýelpäni» diýen aýtgy bar. Bu aýtgynyň asyl manysyna göz ýetirmek üçin, türkmen halkynyň asyrlar boýy ýörelge edinip gelen milli däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna belet bolmagymyz gerek.

1. How ene — ähli eneleriň enesi.

     «How eneden gyz maşgala zenanlyk ruhy geçýär» diýilýär. Zenanyň ýanýoldaşyna bolan mähri, beýlekilere bolan hormaty, hyzmata gaýymlygy, öý-ojagyna we perzentlerine bolan yssy mähri, hamraklygy ýaly ençeme häsiýetler öz gözbaşyny How eneden alyp gaýdýar. Şonuň üçin hem How ene gyz maşgalanyň ýedi enesiniň biri, ähli eneleriň enesi hasaplanýar.

2. Bibi ene — gyzyň kakasynyň ejesi.

     Ol gyz bäbek dünýä inmezinden öň, agtygynyň aladasyny edýän enedir.

3. Süňk ene — gyzyň öz ejesi.

     Süňk ene perzendine öz janyndan jan bölip berýär. Dünýä inensoň, ak süýdi we yhlasy bilen ekläp saklaýar, edep-terbiýe berýär, enelik borjuny berjaý edýär. Ene gyzyna ähli edenlerini süňňinden syzdyryp edýänligi üçin oňa süňk ene diýilýär.

4. Göbegene — çagany ilki garşy alýan göbegini kesip, ýerden göterýän ene

ýagty jahanyň howasyndan ilkinji demini almaga ýol açýan ene.

     Göbegene ogul-gyzly, rysgally döwletli, kalby arassa , eli ýeňil, dili senaly, işine jür, ynsaply, päkize ýagşy zenan bolmalydyr. Gyz ulanandan soň, bagty açylyp, durmuşa çykanda, toýuň iň gowy serpaýy göbegenesine berilýär.

5. Eneke — terbiýeçi.

     Dürli sebäplere görä, gyzyň ejesiniň oňa esewan bolmaga, terbiýelemäge mümkinçiligi bolmadyk halatynda, ýörite terbiýeçi hökmünde tutulýan ene. Enekä hem edil göbegenäniňki ýaly uly talaplar bildirilýär.

6. Ýeňňe-gelneje — agasynyň aýaly.

     Baldyzynyň edepli-ekramly, eli işli mähek ýaly maşgala bolup ýetişmeginde ýeňňäniň hem uly orny bar. Gyz öz ýürekdeş ýeňňesinden örän köp ýagşy zatlary öwrenýär. Ýeňňesi bilen syr alşyp, syr berşip, ysnyşyp ulalýar. Gyzyň toýunda naýbaşy haladyň ýeňňä berilmegi, ýeňňäniň baldyzy üçin eden yhlasynyň toý gününde-de ýatlanylýanlygynyň alamatydyr.

7. Gaýyn ene — gyz durmuşa çykanyndan soň, onuň ýanýoldaşynyň ejesi.

Gaýynene hem öz döwletli ojagyna täze goşulup, rysgalyna şärik bolan gyzy özünden önen perzentleri ýaly eý görüp, yssy mährini çoýýar, hem öwredýär, hem enelik mährini siňdirýär. Gelnini gelinlik durmuşyna ugrukdyrýar.

     Şeýle-de ýedi enäniň terbiýesini we göreldesini alan gyzlarymyz arassalyk, päkizelik, agraslyk, asyllylyk, ahlaklylyk, maşgala ojagyna wepalylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, düşbülik, hamraklyk, we mähribanlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen maşgalasyny, ilini buýsandyrýar. Öz öýüniň soltany bolýar.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Öňki makala

ÝAZDYM

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI