Türkmenistanyň milli senenamasy boýunça Awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlanýar. Ýaldyrak döwründe howa birden salkynlaşyp gidibermeýär, onuň intäkler yssy günleri bardyr. Ýöne welin, onuň yssy günleriniň aňyrysy görünip dur, Üç ýyldyz döwründäki ýaly uzak dowam etmeýär. Aýratyn-da, çigrekli gijeler güýzüň uzakda däldigini ýatladýar. Ýaldyrak döwründe gündogar gözýetimde ertirine irden Uly köpek ýyldyzlar toparyna degişli iň ýagty ýyldyz bolan ýaldyragyň (Siriusyň) dogmagy bilen hasaba girýär. Ol 12-nji awgustdan 23-nji sentýabra çenli dowam edip, ol döwürde hem Türkmenistanyň çäginde açyk we ygalsyz howa bolup, onuň ortaça aýlyk gyzgynlygy 28-31 derejä, absolýut maksimum bolsa 48 derejä çenli ýokary galýar. Ýaldyrak dogandan soň howa az-kem çigireýär, otlaryň üstüne çyg hem düşýär. Muňa degişli halk arasynda «Ýaldyragyň ýangyny — Üç ýyldyzyň galgyny» diýip aýdýarlar. Ýaldyrak döwri 40 gün dowam edýär we öz ornuny 22-nji sentýabrda Mizana berýär. Daňdanlar asmanda Ýaldyrak görünerem welin, salkynjak ýel öwsüp başlar. Ýaldyragyň yssy günleri pagtanyň bol hasyl getirmegine we pagta süýüminiň ýokary hilli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri tebigaty goramaga we onuň gözelligini baýlaşdyrmaga aýratyn üns berip, örän oýlanşykly çemeleşipdirler.
Şirinjemal AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.