ARKADAG HEM PYRAGY — KÖŇÜLLER ŞAMÇYRAGY

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, baý döredijiligi her bir ynsanyň köňül köşgünde orun alýar. Şonuň üçin hem okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň täze-täze eserlerine, goşgusyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ynha, ýakynda ýene bir taryhy waka bolup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygry halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň täze ajaýyp şygry uly ähmiýete eýe bolýar. Goşgynyň her setirinde, her sözünde umman ýaly many bar. Onuň her bendiniň içinden Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki çuňňur pikir-garaýyşlar, şygyr setirleriniň many-mazmuny eriş-argaç bolup geçýär. Pähim-paýhaslary özünde jemleýän bu ajaýyp goşgy Magtymguly Pyragynyň mertebesini has-da ýokarlandyrýar, döredijiligini täzeçe öwrenmäge ruhlandyrýar.

     Ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa egsilmezdir, örän ýokarydyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini wasp etmek, dünýä ýaýmak mukaddes işleriň biridir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ussat Pyragynyň goşgulary dünýä dillerine terjime edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik Geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi hem akyldar şahyra goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

     Häzirki ajaýyp döwrümizde şahyryň döredijiligi giňden wagyz edilýär we dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ynsan kalbynyň gözelliklerine beslenip, zehin bilen syntgylanýan döredijilik eserleri diňe bir halkyň däl-de, umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, asyrlar aşýar, nesillerden nesillere geçýär. Şahyr öz şygyrlarynda agzybir bolmak, berkarar türkmen döwletini gurmak, oňa guwanmak, buýsanmak, mukaddes topragy, ata Watany jandan söýmek, ata-enäni hormatlamak, ulyny sylap, kiçini söýmek, mätäje kömek-goldaw bermek, ylymly-bilimli, edepli-ekramly bolmak, ynsanperwerlik, söýgi, ynsan mertebesi, maşgala terbiýesi, sagdyn durmuşy alyp barmak ýaly meselelere yzygiderli ýüzlenipdir. Akyldaryň goşgularyny terbiýeşynaslyk nukdaýnazaryndan öwrenmek hiç bir zamanda gymmatyny ýitirmeýär, çünki olaryň her biri halk terbiýesi bilen baglanyşykly bolup, belent akyl-paýhasy özünde jemleýär. Şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli, nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolan şygyrlarynda halka ýagşylyk edýän adamlaryň il içinde hormatlanýan, abraýly, mert adamlardygy, ýagşylyk etmeklige ýaşlykdan endik etmelidigi, özüňi ýagşylyk meýlinde terbiýelemelidigi ündelýär.

     Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, ulus-ilimizi dana şahyrymyzyň arzuwlan ajap eýýamyna ýetiren, Berkarar Watanymyzy ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary has-da rowaçlyga beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI